Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri ilkinji gezek üçtaraplaýyn sammit geçirerler
25.02.2025 | 04:40 |Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri taryhda ilkinji üçtaraplaýyn sammiti 31-nji martda Täjigistanyň Hujand şäherinde geçirerler. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Edil Baýsalow BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň 58-nji sessiýasynyň ýokary derejeli Segmentinde, Ženewada çykyş edeninde aýtdy. Muny Gyrgyzystanyň milli habar agentligi "Kabar" habar berdi.
Ol bu sammitiň Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda möhüm ädim boljakdygyny nygtady. Edil Baýsalow Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň döwlet serhediniň kesgitlenişiniň soňky ylalaşygyna gelnendigini aýtdy we bu wakany "diplomatiýanyň we syýasy erjelligiň taryhy ýeňşi" diýip atlandyrdy. "Biz iň çylşyrymly meseleleriň hem söhbetdeşlik, özara hormat we ynam arkaly çözülip bilinýändigini subut etdik", diýip Baýsalow belledi.
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Gyrgyzystan we Täjigistan döwlet serhediniň kesgitlenmegi barada ylalaşyk baglaşdy. Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet dawalary bolsa 2023-nji ýylda çözüldi. 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Özbegistan Täjigistan bilen baglaşan soýuzdaşlyk gatnaşyklary baradaky şertnamany resmi taýdan tassyklady.
ORIENT