Türkmenistan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň nobatdaky tapgyryna başlaýar
24.02.2025 | 19:10 |Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamalasyny durmuşa geçirmek işi tamamlanyp barýar. Munuň bilen baglylykda, 21-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde ýakyn geljekde täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak teklibi hödürlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurduň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň ösüşi boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar. 2026–2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky teklibi makullap, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň ýolbaşçysy Mämmethan Çakyýewa degişli ugurda gerekli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Geljekki ýyllarda sanly ykdysadyýetiň ösüşi boýunça işleriň alnyp barlyşynda halkara tejribesi, iň soňky ylym-tehniki gazananlary, şeýle hem ýurduň sanly transformasiýa boýunça toplanylan tejribe hasaba alynar. Bu iş tapgyrlaýyn we toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, döwlet dolandyryşyndan başlap, dürli sanly hyzmat ediş ýaly dürli pudaklarda möhüm gazananlara ýaetirdi.
Sanly ykdysadyýetiň iň möhüm düzümleriniň döredilmegi boýunça ulgamlaýyn işler geçirildi. Ilkinji nobatda, bu ugurda kanunçylyk we hukuk düzgünleşdirilişiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we täze iş usullaryny ornaşdyrmak, degişli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler geçirilýär.
Sanly ykdysadyýete geçmek üçin şertleriň emele gelmeginde, döwlet Baştutany tarapyndan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň döredilmegi» we «Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy we internet saýtlarynyň döredilmegi» baradaky gol çeken Kararlarynyň uly goşantlary boldy. Toparyň maksady, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny we ösdürilmegini üpjün etmekdir. Ikinji Karara laýyklykda, ministrliklerde, pudaklaýyn edaralarda, welaýat we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, edaralarda we kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamlary we internet saýtlar döredildi, olaryň yzygiderli täzelenmegi üpjün edilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösüşi, milli elektron aragatnaşyk ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, raýatlaryň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen ýurduň internet-trafiginiň möçberiniň artdyrylmagyna esaslanýar. Elektron hökümetiň döredilmegine aýratyn üns berilýär, onuň hukuk binýady 2022-nji ýylda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup durýar. «Türkmenaragatnaşyk» аgentligi tarapyndan Bitewi identifikasiýa we autentifikasiýa ulgamy (BIAU) atly milli taslama işlenip taýýarlanyldy. Ol elektron hyzmatlaryny ýetirmek maksady bilen, döwlet elektron serişdelerine maglumat alyş-çalyşyna gatnaşyjylaryna (raýatlaryň we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) rugsatly elýeterliligini etmäge gönükdirilendir.
Döwlet hyzmatlarynyň Bitewi portalyna – e.gov.tm sahypasyna bellige alynandan soň elýeterlilik üpjün edilýär. Şeýle hem möhüm ädimleriň biri hökmünde, döwlet hyzmatlaryny raýatlara we guramalara elektron görnüşde bermek üçin zerur bolan maglumatlary alyş-çalyş etmek mümkinçiligini döredýän, merkezi, sebit we ýerli häkimiýet edaralarynyň, karz guramalarynyň hem-de beýleki döwlet edaralary bilen elektron özara gatnaşyk ulgamyna gatnaşyjylarynyň peýdalanyp biljek maglumat ulgamyny öz içine alýan döwlet edaralary bilen elektron özara gatnaşyk ulgamy (DEÖG) döredildi.
Ýurtda bank ulgamynda alnyp barylýan sanlylaşdyrmak işleri onuň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, önümleriň we müşderiler bilen aragatnaşyk ýollarynyň gerimini giňeltmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Sanly transformasiýa bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär. Bank kartlary arkaly terminallarda söwda we hyzmat merkezlerinde satyn alnan harytlar we hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik energiýasynyň sarp edilişi) hem-de Ýol gözegçilik gullugynyň degişli hyzmatlary üçin tölegler geçirilýär.
Türkmenistanda internet söwdasyny ösdürmäge, ýerli öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek boýunça üstünlikli ädimler ädildi. Türkmenistanyň beýleki ykdysady ugurlary ýaly, milli söwda ulgamynda hem lomaý we bölek satuw torlaryny dolandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hukuk binýady döredildi we kämilleşdirilýär.
«Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Kanunlarynyň esasynda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan internet söwdasynyň işlerini düzgünleşdirmek maksady bilen «Harytlary uzak aralykdan satmagyň düzgünleri» işlenip taýýarlanyldy we güýje girizildi. Onlaýn söwda, ýurtda sarp edişiň ösýän tendensiýasyny üpjün edip, harytlaryň sarp edijilere ýetirilmeginde köp ýollary ulanmak mümkinçiliklerini döredýär.
ORIENT