4 sany Hazarýaka ýurtlarynyň ekologlary "The Caspian House"-y döretdiler
25.02.2025 | 04:10 |Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ekologiýa jemgyýetçilik guramalaryny birleşdirýän "The Caspian House"-y (Hazar Öýi) döredildi.
Report habarlar gullugynyň maglumatyna görä, «The Caspian House: Hazarýaka ýurtlarynyň ekologiýa guramalarynyň platformasy» taslamasynyň esasynda guralan bu başlangyjyň maliýe goldawyny Azerbeýjanyň ekologiýa we tebigy serişdeler Ministrligi hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalary döwlet taýdan goldamak Agentligi üpjün etdi.
Taslamanyň çäklerinde https://caspianhouse.org/home portaly, Hazarýaka ýurtlarynyň ýaşyl ykdysadyýet mümkinçiliklerini görkezýän dünýäde ilkinji sanly ekologiýa muzeýi, «Noosfera teoriýasyndan durnukly ösüş ýörelgelerine» atly kitap, VR-tehnologiýaly 360 dereje wideo materiallar (Hazar deňziniň derejesiniň peselmegini görkezýär) we «Hazary bilelikde goralyň» atly ekologiýa meselelerini beýan edýän wideo taýýarlanyldy. Çärä döwlet we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri, alymlar hem-de ekologiýa bilermenleri gatnaşdylar.
ORIENT