Iň täze habarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda kibersport maksatnamasyny giňeldýär

25.02.2025 | 12:30 |
 Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda kibersport maksatnamasyny giňeldýär

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi XX Aziýa oýunlaryna giriziljek 11 sany kibersport görnüşleri barada yglan etdi. Oýunlar 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Aiti-Nagoýide (Ýaponiýa) şäherinde geçiriler.

Bu baradaky karar 22-nji fewralda onlaýn-görnüşinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. AOG-yň Baş direktory Huseýn Al Musallam milli olimpiýa komitetleriň agzalaryna, Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalaryna, AOG-yň hemişelik komitetleriň wekillerine hem-de Aiti-Nagoýidäki Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wise-prezidentine buýrugy ýollady.

2026-njy ýylda Aiti-Nagoýide geçiriljek Aziýa oýunlary üçin tassyklanan görnüşler aşakdakylary öz içine alýar:

Street Fighter 6

Pokémon Unite (täze)

Honor of Kings (Arena of Valor çalşar)

League of Legends – Aziýa oýunlary üçin görnüşi

PUBG Mobile – Aziýa oýunlary üçin görnüşi

Mobile Legends: Bang Bang (täze)

Dream Three Kingdoms

NARAKA: BLADEPOINT (täze)

Gran Turismo (täze)

eFootball Series (täze)

Puyo Puyo Champions (täze)

Bäsleşigiň oýun görnüşleriniň sanynyň artdyrylmagy Hançžouda geçirilen 2022-nji ýylyň Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek medal görnüşi hökmünde üstünlikli görkezilişinden soňra kibersport üçin möhüm öňe gadam bolup durýar.

ORIENT news

Foto: rossaprimavera.ru

Şeýle hem okaň: