Günorta Koreýa daşary ýurtlylar üçin elektron migrasiýa kart ulgamyny girizdi
25.02.2025 | 12:15 |2025-nji ýylyň 24-nji fewralyndan başlap, Günorta Koreýa e-Arrival card ady bilen belli daşary ýurtlylar üçin elektron migrasiýa kart ulgamyny girizýär. Bu girizilen täzeçilik giriş prosesini aňsatlaşdyrmaga, howa menzillerinde barlagdan geçmek işiniň wagtyny azaltmaga we dolulyk derejesini peseltmäge gönükdirilendir.
Bu ulgam arkaly ýurda gelýän daşary ýurtly raýatlar girişden üç gün öňünden migrasiýa kartyny onlaýn görnüşinde dolduryp bilerler. Ozal daşary ýurtlylar gelen mahaly, migrasiýa kartlaryny kagyz gönüşinde elde doldurmalydylar, bu hem uly nobatlaryň we saklamalaryň peýda bolmagyna getirýärdi. Indi bolsa, elektron karty dolduryp, syýahatçylar migrasiýa gözegçiligini geçen wagtlary öz ykjam enjamlarynda tassyklaýşy görkezip bilerler. Kadadan çykmalar Koreýanyň bellige alnan rezidentlerine we awiakompaniýalaryň ekipaž agzalaryna degişlidir. 14 ýaşdan kiçi çagalar üçin migrasiýa kartyny onuň bilen bile barýan adam doldurmaly.
Täze ulgamyň has köp syýahatçylary çekip, ýurtda amala aşyrylýan syýahatlaryň umumy tejribesini gowulandyrjakdygyna garaşylýar.
Ministrlik ýüze çykyp biljek bulaşyklyk sebäpli ýylyň ahyryna çenli kagyz ulgamyny täze elektron bilen birlikde saklamagy göz öňünde tutýar.
ORIENT news