Iň täze habarlar

Bern: Türkmenistan we Şweýsariýa ikitaraplaýyn dialogyň ýokary depginini saklaýarlar

10.10.2025 | 01:44 |
 Bern: Türkmenistan we Şweýsariýa ikitaraplaýyn dialogyň ýokary depginini saklaýarlar

Bern şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Ilçi Wepa Hajiýew bilen Şweýsariýanyň Konfederasiýasynyň Daşary işler federal departamentiniň Ýewraziýa bölüminiň başlygy Ilçi Pýer-Iw Fuksyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça konstruktiw häsiýetini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş derejesine we depginine ýokary baha berdiler.

Şweýsariýa tarapy işjeň dialogy alyp barmagyň möhümdigini aýratyn belläp geçdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň çäginde (Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter arasynda) Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşygy ýokary derejede gurnandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Bu, özara düşünişmegiň we iki ýurduň işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan isleginiň esasy subutnamasy boldy.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, halkara ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek we geljekki ýokary derejeli saparlary guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň özara peýdaly gatnaşyklary berkitmegiň üstünde işjeň işleýändigini tassyklady.

ORIENT

Foto: Permanent Mission of Turkmenistan to the United Nations Office in Geneva

Şeýle hem okaň: