Google YouTube Premium-yň mümkinçiliklerini ähli enjamlar üçin giňeldýär
09.10.2025 | 15:30 |Google YouTube Premium-yň mümkinçilikleriniň elýeterliligini giňeldýändigini habar berdi. Indi öň diňe käbir aýratyn programmalarda elýeterli bolan Premium hyzmatynyň esasy mümkinçilikleri iOS, Android we kompýuterleriň (web) görnüşlerinde hem işläp başlaýar. Bu Google tarapyndan döredilen umumy we ýokary hilli ulanyjy tejribesine tarap möhüm ädimdir.
Täzelenme birnäçe möhüm funksiýalary öz içine alýar:
• Giňeldilen tizlik: Işleýiş tizligini 0.5x-den 4x-e çenli üýtgetmek mümkinçiligi indi diňe mobil programmada däl, eýsem Android, iOS we web wersiýalarynda hem bar.
• Ünsüňi sowmaýan tomaşa: iOS we Android üçin gysga wideo ýazgylaryny awtomatiki ýagdaýda oflaýn görnüşde ýükläp almak hem-de olary “surat içindäki surat” (PIP) teetibinde görmäge mümkinçilik döredi. Öň PIP diňe Android üçin elýeterlidi.
• Tiz gözleg: Wideonyň möhüm pursatlaryna tiz geçmäge mümkinçilik berýän Jump Ahead funksiýasy indi akylly telewizorlar (Smart TV) we oýun konsollary üçin hem elýeterlidir.
Ses hilinde hem möhüm gowulaşmalar boldy:
• Ýokary bitrate: Aýdym-saz wideo ýazgylary görlende ulanyjylar indi 256 kbit/s bitrate bilen “Ýokary” ses hilini saýlap bilerler.
• Integrasiýa: Öň bu mümkinçilik diňe YouTube Music-de bardy, indi bolsa ol YouTube we YouTube Music programmalarynyň Android we iOS görnüşlerine goşuldy.
• Art Tracks: Täze mümkinçilik “Art Track” diýlip atlandyrylýan (aýdym daşy bilen awtomatik döredilen wideo) görnüşlere-de degişlidir. Bu döredijilere doly şekilli aýdymy döretmezden aýdym-sazlaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Engadget-iň bellemegine görä, bu üýtgeşmeler Google-yň ähli enjamlarda birmeňzeş interfeýsi we ulanyjy tejribesini döretmek maksatlaryna golaýlaşýandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde Premium-yň esasy artykmaçlyklary — mahabatyň bolmazlygy we YouTube Music-e elýeterlik — saklanyp galýar.
ORIENT