Iň täze habarlar

Spotify we ChatGPT şahsylaşdyrylan aýdym-saz teklipleri üçin integrasiýany işe girizdi

09.10.2025 | 11:35 |
 Spotify we ChatGPT şahsylaşdyrylan aýdym-saz teklipleri üçin integrasiýany işe girizdi

Spotify, ulanyjylaryň öz Spotify hasaplaryny ChatGPT bilen birleşdirip, şahsylaşdyrylan aýdym-saz we podkast tekliplerini alyp biljekdigi barada OpenAI bilen hyzmatdaşlygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu mümkinçilik mugt hem-de Premium ulanyjylar üçin elýeterli bolup, soňkylara goşmaça mümkinçilikler hem berilýär.

Ulanyjy işe başlamak üçin ChatGPT ulgamynda “Spotify” diýip ýazmaly we ilkinji gezek birleşdirme wagtynda öz hasabyny tassyklamaly. Şondan soň ulanyjy ýerine ýetiriji, albom, pleýlist ýa-da podkast boýunça teklipleri soraýar, ChatGPT bolsa netijeleri göni gepleşik penjiresinde görkezýär. Ulanyjylar özleriniň ýagdaýyna, temasyna ýa-da çärelerine görä aýdym-saz toplumlaryny döredip bilerler, şeýle hem dynç günleri üçin pleýlist düzüp bilerler. Aýdymy diňlemek üçin onuň adyna basmak ýeterlik – Spotify programma üpjünçiligi açylar.

Mugt ulanyjylar Spotify-nyň eýýäm bar bolan “Discover Weekly” we “New Music Friday” ýaly pleýlistleriniň içinde aýdymlary gözläp bilerler. Premium abunaçylary bolsa has takyk buýruklary bermek hem-de giňeldilen teklipleri almak mümkinçiliklerine eýedirler.

Spotify bu integrasiýanyň çäklerinde hiç hili aýdym-saz, audiopodkast ýa-da wideo mazmunynyň maglumatlarynyň OpenAI bilen paýlaşylmaýandygyny aýratyn belledi. Spotify-nyň ChatGPT üçin döredilen goşundysy häzirki wagtda diňe iňlis dilinde elýeterli bolup, mugt, Plus we Pro hasaplary bolan ulanyjylar üçin işleýär.

Foto: EDMtunes

Şeýle hem okaň: