Russiýa ýakyn wagtda üç döwlet bilen wizasyz düzgüni girizmegi meýilleşdirýär
09.10.2025 | 11:20 |Ýakyn wagtda Russiýa Hytaý, Saud Arabystany we Malaýziýa bilen wizasyz syýahatçylyk düzgünini girizmegi maksat edinýär. Bu barada Premýer-ministr Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygynda geçirilen «Russiýa Federasiýasynda syýahatçylygyň ösüşi» atly strategik maslahatynda metbugat üçin taýýarlanan maglumat resminamasynda habar berilýär.
Resminamada bellenilişine görä, 2030-njy ýyla çenli Russiýa ýurduň çägine gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny 11 milliona artdyryp, jemi 16 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär.
Hytaý 15-nji sentýabrdan başlap, rus raýatlary üçin 30 günlük wizasyz gatnaşyk düzgüni boýunça bir ýyllyk synag döwrüni girizdi. Mundan ozal, 4-nji sentýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň hem Hytaý raýatlary üçin şuňa meňzeş düzgüni girizjekdigini aýtdy.
Iýul aýynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Saud Arabystany bilen wizasyz düzgüni boýunça ylalaşygyň taýýarlyk işleriniň jemleýji tapgyryndadygyny mälim etdi. Malaýziýanyň raýatlary üçin wiza düzgüni ýatyrmaga degişli meýilnamalar barada bolsa mart aýynda habar berildi.