Iň täze habarlar

Türkmenistan we Malaýziýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

10.10.2025 | 16:30 |
 Türkmenistan we Malaýziýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurban­geldiýew bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriň syýasy meseleler boýunça baş sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar milli bilim ulgamynyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler.

Gepleşikleriň dowamynda esasy üns iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de hereket edýän ylalaşyklaryň netijeli ýerine ýetirilmegine berildi.

Türkmenistanyň Bilim ministri “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisine hem-de ylmy maslahata işjeň gatnaşýandygy üçin malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Wekiliýetiň saparynyň maksadynyň Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan tanyşmakdygy bellenilip, bu saparyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirildi.

Öz gezeginde Şamsul Iskandar halkara foruma çagyrylandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, ony pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipleri hödürledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar hem-de täze taslamalary we bilelikdäki bilim başlangyçlaryny amala aşyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu duşuşyk Türkmenistanyň bilim ulgamyny halkara derejesinde ösdürmegiň möhüm ädimi hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: