Türkmenistan we Kanada sebit hyzmatdaşlygyny hem-de energetika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
08.10.2025 | 11:05 |7-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi A. Möwlamow Kanadanyň Pakistandaky Ýokary komissary Tarik Ali Hany mähirli kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlar barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň ilçisi ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syýasaty barada giňişleýin gürrüň berip, bu syýasatyň ynanyşmagy berkitmäge, sebitde durnuklylygy saklamaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Söhbetdeşlikde infrastruktura we energetika ugurlaryndaky taslamalaryň strategik ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu taslamalara sebit energetika giňişliginiň integrasiýasynyň we durnukly ykdysady ösüşiň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaldy.
Türkmenistanyň ilçisi kanadaly diplomata Pakistanda alyp barýan missiýasynda üstünlik arzuw etdi.