Türkmenistan we BAE diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny belleýärler
10.10.2025 | 04:17 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylary 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny alyşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz gutlag hatynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň “birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk” ýaly sarsmaz ýörelgelere esaslanýandygyny we olaryň öňe gitmäge hem-de gülläp ösmäge gönükdirilendigini nygtady.
"Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär” - diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Öz jogap hatynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
BAE-niň Lideri ýurduň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary "dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidine" ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçirilen hat alyşma Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini tassyklaýan möhüm diplomatik ädim boldy.
ORIENT