Iň täze habarlar

Türkmenistanda täze saglygy goraýyş desgalarynyň ulanylyşa berilmegine we gurluşygyna badalga berildi

10.10.2025 | 23:55 |
 Türkmenistanda täze saglygy goraýyş desgalarynyň ulanylyşa berilmegine we gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly amaly çäreler bilen bellenilip geçildi: ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birbada birnäçe iri desganyň ulanylyşa berilişi we düýbüniň tutulmagy dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu çäreler milli saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly infrastrukturasynda täze, ýokary hil derejesini alamatlandyrdy.

Ýokary tehnologiýalar şäher ýaşaýjylary üçin: Aşgabatda Saglyk öýüniň açylyşy

Paýtagtymyz Aşgabatda döwrebap, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Saglyk öýi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu toplumyň düzümine iki gatly merkezi bina, Tiz kömek merkezi hem-de maşgala lukmançylygy, anyklaýyş, rentgenologiýa, fizioterapiýa we zenanlar maslahat beriş bölümleri girýär.

Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň arasynda dünýäniň meşhur öndürijileriniň ýokary takyklykly lukmançylyk enjamlary aýratyn ünsi çekýär. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň “Topcon Healthcare” kompaniýasynyň gözüň ýagdaýyny takyk kesgitleýän «KR-800» oftal­mologik toplumy; Germaniýanyň “Siemens Healthineers AG” kompaniýasynyň ultrases barlaglary üçin niýetlenen «Acuson NX3» enjamy; şeýle hem emeli aň ulgamyna eýe bolan «MULTIX Impact» rentgen-flýurografik enjamy bar. Bu ulgam telelukmançylyk usuly arkaly uzak aralykdan barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Toplumyň düzümindäki dermanhanada raýatlar diňe bir derman serişdelerini satyn almak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, akademik Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan köp jiltli ensiklopediýada beýan edilen dermanlyk ösümlikler baradaky ylmy esasly maslahatlary hem alyp bilýärler.

Mary welaýatynda 300 orunlyk täze ýokanç keseller hassahanasy

Şol gün Mary welaýatynyň “Täze güýç” geňeşliginde 300 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasy açyldy. Bu saglygy goraýyş desgasy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini kämilleşdirmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda gurlup, 9 gektar meýdany tutýar we 17 ýöriteleşdirilen bölümi öz içine alýar.

Hassahana ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Onda sanly maglumat ulgamy ornaşdyrylyp, näsaglar baradaky maglumatlary tiz wagtda ulgama girizmäge mümkinçilik döredilýär, barlag üçin alynan biomateriallar bolsa pnewmowakuum kapsulalary arkaly barlaghana ugradylýar.

Germaniýanyň “Aesculap” kompaniýasynyň döş boşlugynyň kesellerini takyk anyklamaga mümkinçilik berýän torakoskopik enjamlary ýaly ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnikalar ýokanç keselleri irki tapgyrda anyklamaga şert döredýär. Mundan başga-da, dikeldiş zalyna “Sport-TeC Gmbh” kompaniýasynyň toplum enjamlary gurnaldy, bu bolsa operasiýalardan soňky dikeldiş döwründe näsaglara uly kömek berýär.

Gelejege niýetlenen başlangyç: täze lukmançylyk merkezleriniň düýbüniň tutulmagy

Hünär baýramçylygyna bagyşlanyp, geljekde milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä çykarmaga hyzmat etjek iri desgalaryň düýbüni tutmak dabarasy hem geçirildi. Olaryň hatarynda Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahana, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahana, şeýle hem Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi bar.

Bu merkezler iň häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, ýöriteleşdirilen barlaglary hem-de ýokary derejeli hirurgiki operasiýalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer, netijede saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligi we hili täze derejä çykarylar.

Mundan başga-da, täze desgalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Mary welaýatynyň Ýokanç keseller hassahanasyna sowgat berlen täze “Tiz kömek” awtoulaglary onuň ulag parkyny artdyrdy. Bu gün geçirilen dabaralar ýene-de bir gezek halkyň sagdynlygy we abadançylygy ugrunda goýberilýän maýa goýumlarynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup galýandygyny, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa standartlarynyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezdi.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: