Iň täze habarlar

Özbegistan 2000-den gowrak döwlet işgärini AI bilen çalyşýar

09.10.2025 | 18:00 |
 Özbegistan 2000-den gowrak döwlet işgärini AI bilen çalyşýar

Giň gerimli dolandyryş özgertmeleriň we emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň çäginde, Özbegistanyň Hökümeti işgär sanyny ep-esli azaltmak baradaky karara geldi. Şunuň bilen baglylykda Prezident Şawkat Mirziýoýew degişli karara gol çekdi. 1-nji noýabra çenli ýerine ýetiriji häkimiýet ulgamynda 2141 sany işgär birligi ýatyrylar.

Işgärleriň azalmagy ýurduň esasy ministrliklerine we komitetlerine degişlidir. Häkimýet edarasy sanlaşdyrma prosesleriniň döwlet dolandyryşynyň netijeliligini diňe bir saklamaga däl, eýsem ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

Iň uly üýtgeşmeler aşakdaky ministrliklerde we komitetlerde amala aşyrylar:

• Salgyt komiteti — 498 işgär azaltmaly.

• Suw hojalygy ministrligi — 224 wezipe azaldylar.

• Oba hojalygy ministrligi — 200 işgär birligi ýatyrylýar.

• Adalat ministrligi — 197 işgär azaltmaly.

• Ekologiýa ministrligi — 176 işgär azaltmaly.

Kararda işden boşadylan işgärleriň ykbaly aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Zähmet ministrligi Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasy bilen bilelikde olary täzeden taýýarlamak we işe ýerleşdirmek bilen meşgullanar.

Bu çözgüt sebitiň sanly özgertmelere tarap umumy ugruny açyp görkezýär. Meselem, goňşy Gazagystanda hem bu ugurda işjeň çäreler görülýär: sentýabrda ýurtda Emeli aň we sanly ösüş ministrliginiň döredilmegi barada habar berildi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, AI tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy Merkezi Aziýada döwlet dolandyryşynyň adaty ulgamlarynyň täzeden gurluşyna getirýär.

ORIENT

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: