Türkmenistanyň mugallymy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň okuwlaryna gatnaşýar
10.10.2025 | 17:00 |Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy «Söwda, ösüş we maliýe» atly tema boýunça geçirilýän okuwlarda Türkmenistanyň wekili hökmünde çykyş edýär. Bu okuwlar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw sapary» maksatnamasynyň çäginde geçirilýär we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir.
Okuwlar ABŞ-nyň tanymal bilermenleriniň çykyşlary bilen başlandy:
• Marta Pereýma (ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hünärmeni)
• Megan Simpson (Maksatnamanyň guramaçylyk komitetiniň menejeri)
• Metýu Grin (Amerikanyň Katolik uniwersitetiniň professory)
30-dan gowrak ýurtdan gatnaşyjylar öz çykyşlaryny edip, tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanyň wekili Abdal Hydyrow ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi barada giňişleýin gürrüň berdi we geljek üçin möhüm wezipeleri belläp geçdi.
Maksatnamanyň esasy wezipesi — halkara wekillerini ABŞ-nyň dünýä ýurtlary bilen söwda we maliýe gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky işi bilen tanyşdyrmakdyr. Tejribe alyşmak gatnaşyjylara söwda, maliýe we ykdysady ösüş ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze ýollaryny tapmaga mümkinçilik berer.
Saparyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň wekilleri öňdebaryjy maliýe, halkara söwda we işewürlik institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirerler. Bu başlangyç gatnaşyklary pugtalandyrmak we öňdebaryjy tejribäni milli gurluşlara ornaşdyrmak üçin güýçli itergi bolup hyzmat edýär.
ORIENT