Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň geoykdysady mümkinçiligini güýçlendirmek üçin toplumlaýyn çäreleri teklip etdi
10.10.2025 | 23:10 |Duşanbe, 10-njy oktýabr | ORIENT. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy Arkalaşygyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we onuň geografiki mümkinçiligi täze geoykdysady hakykatlarda ulanmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn beýany boldy.
Türkmenistanyň Baştutany GDA-nyň beýleki ýurtlar üçin “güýçli hem-de peýdaly hyzmatdaşa” öwürmegiň ýollaryny beýan etdi, ulag, halkara hukugy we tehnologiki alyş-çalyş ugurlarynda anyk ädimleri teklip etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdip, häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan GDA-nyň özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty hökmünde görkezýändigini belledi.
Ýewraziýanyň ulag merkezi: Hazardan Hindistana çenli
Çykyşda Arkalaşygyň geljegi üçin möhüm pudak bolan ulag düzümine aýratyn üns berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlarynyň GDA-nyň tutuş giňişligini diýen ýaly gurşap alýandygyny, Arkalaşygyň ýurtlarynyň “yklymüsti gatnawlaryň esasy merkezleri” bolmagyna mümkinçilik açýandygyny nygtady.
Türkmenistan möhüm logistika merkezleri hökmünde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutany Hazar deňziniň üstaşyr-logistika kuwwatynyň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady. Sebäbi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogara tarap esasy ýollary geçer.
Türkmenistanyň munuň üçin ýardam bermäge, Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny umumy bähbitlere ulanmak mümkinçiligini hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr” – diýip, Serdar Berdimuhamedow mälim etdi.
BMG-de halkara hukugyny goramak we utgaşdyrylan işler
Howpsuzlyk we durnuklylyk ulgamyny saklamak nukdaýnazaryndan Türkmenistan GDA-nyň wezipeleriniň esasylarynyň biri bolan halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň berjaý edilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Baş Assambleýanyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, açylýan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy teklip etdi. Munuň üçin GDA-nyň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralaryna BMG-de bu mesele boýunça ylalaşykly işe girişmegi, geňeşmeler mehanizmini işläp taýýarlap başlamagy tabşyrmaly.
Strategiýadan innowasiýa çenli: ykdysady mümkinçilik
Ykdysady hyzmatdaşlyk tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasynyň ýerine ýetirilmegini derwaýys wezipe diýip hasaplaýar. Döwlet Baştutany dünýä bazarlarynda bäsdeşligiň barha artýan şertlerinde Arkalaşygyň ýurtlaryny berk we netijeli nusgalaryny döretmäge çagyrdy hem-de özara söwda we senagat zynjyrlarynyň döredilmegine; GDA-nyň tehnologiki we innowasiýa düzümini güýçlendirilmegine; hakyky, düýpli tehnologiki hyzmatdaşlygyň we bilimleriň we başarnyklaryň yzygiderli alyş-çalşygynyň zerurlygyna aýratyn üns berdi.
Bitaraplygyň şanly senesine çakylyk
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Bellenilişi ýaly, GDA-nyň Liderleriniň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagy, olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar.