Iň täze habarlar

Samsung smartfonlar üçin täze 200 megapiksel ISOCELL HP5 sensory bilen tanyşdyrdy

09.10.2025 | 11:50 |
 Samsung smartfonlar üçin täze 200 megapiksel ISOCELL HP5 sensory bilen tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy smartfonlar üçin niýetlenen täze 200 megapiksel ISOCELL HP5 sensoryny resmi taýdan hödürledi. Bu sensor öňki nusgalara garanyňda has ykjam gurluşa eýe bolup, suratyň we wideonyň hilini ýokarlandyrýan ençeme öňdebaryjy tehnologiýalary özünde jemleýär. Onuň dürli smartfon öndürijileri tarapyndan ulanylmagy mümkin.

ISOCELL HP5 sensorynyň ölçegi 1/1,56 dýuým bolup, çözgütliligi 16 384 × 12 288 pikseldir, bir pikseliň ölçegi bolsa 0,5 mikrometrdir. Sensor 2 esse optiki ýakynlaşdyrmagy we 3 esse optiki linza arkaly 6 esse üznüksiz giňeldiş mümkinçiliklerini goldaýar. Awtofokus ulgamy üçin Super QPD (PDAF) tehnologiýasy ulanylýar.

Wideoýazgy Full HD formatynda sekuntda 240 kadr, 4K formatynda 120 kadr we 8K formatynda 30 kadr ýazga almak mümkinçiligini berýär. Sensor 8, 10, 12 we 14 bit çuňlukdaky RAW formatynda surata düşürmegi goldaýar.

Samsung-yň bellemegine görä, sensoryň ölçegi kiçeldilse-de, Dual Vertical Transfer Gate (D-VTG) we Front Deep Trench Isolation (FDTI) ýaly tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde her pikseliň ýagtylygy saklamak (FWC) mümkinçilikleri ýokarlandyrylyp, suratlaryň hili ýokary derejede saklanypdyr. DTI Center Cut (DCC) atly kämilleşdirilen tehnologiýa awtofokusyň takyklygyny artdyrýar we artykmaç ses derejesini peseldýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu tehnologiýalar ýagtylyk geçirişi 150% ýokarlandyrýar we tötänleýin seslenmeleri 3–40% aralygynda azaldýar.

Habarlara görä, ISOCELL HP5 sensorynyň OPPO Find X9 Pro smartfonynyň teleobýektw hökmünde ulanylmagyna garaşylýar, onuň resmi tanyşdyrylyşy bolsa 16-njy oktýabrda geçiriler. Beýleki hytaý öndürijileri hem bu sensordan peýdalanmagy meýilleşdirýärler, emma Samsung häzirki wagtda ony Galaxy seriýasynyň enjamlaryna ornaşdyrmagy göz öňünde tutmaýar.

Foto: Samsung

Şeýle hem okaň: