Türkmenistanda nebiti gaýtadan işlemegiň ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça täze çäreler
09.10.2025 | 12:30 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň esasy meselelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda tehnologik ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişine görä, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän toplumynyň hem-de Seýdi zawodynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli kämilleşdirilýär we häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de öndürilýän önümleriň, şol sanda benziniň, polipropileniň we çalgy ýaglaryň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Wise-premýer tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.
Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli kärhanalaryň serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan meýilnamany makullap, ony ýerine ýetirmäge girişmegi tabşyrdy.