Maşat: Türkmenistanyň Baş konsuly we EYR-nyň DIM-i hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ylalaşdylar
10.10.2025 | 01:10 |Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Daşary işler ministrliginiň Wekilhanasynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäherindäki) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Wekilhananyň başlygy Ahmet Masumifaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Guwançmyrat Ataýew konsullyk patentine degişli göçürmäni Wekilhananyň başlygyna gowşurdy.
Taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hem-de gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini bellediler. Bu bolsa iki ýurduň Prezidentleri — Serdar Berdimuhamedowyň we Masud Pezeşkianyň tagallalarynyň netijesidir.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady we ulag-logistika hyzmatdaşlygy, şeýle hem ylmy-bilim we lukmançylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maşatdaky duşuşyk iki ýurduň hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde we sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmakda gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
ORIENT