Iň täze habarlar

Türkmenistan söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak üçin işleri alyp barýar

04.10.2025 | 20:20 |
 Türkmenistan söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak üçin işleri alyp barýar

30-njy sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara söwda merkeziniň (HSM) “Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň iki sany özara baglanyşykly çäresi geçirildi. Milli ýol kartasynyň taslamasyny hödürlemek üçin 30-njy sentýabrda geçirilen bilermenler duşuşygy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin iki günlük okuw sapagy serhetüsti amallary kämilleşdirmäge we gümrük dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirildi.

Bilermenler duşuşygynyň dowamynda milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny we daşary söwdany utgaşdyrmak ugrundaky iş tejribesini BSG-niň Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça ylalaşygyna laýyk getirmek üçin strategiki maksatlary we anyk çäreleri kesgitleýän söwda amallaryny ýönekeýleşdirýän ýol kartasynyň taslamasy hödürlendi.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri teklip edilýän resminama özleriniň düşündirişlerini berdiler şeýle hem BSG-e goşulmak üçin ýurtda alyp barýan işleriniň çäginde ýol kartasyny düzmegiň we kabul etmegiň möhümdigini bellediler.

04102025-turkmenistan-tamozhnya-mtc-modernizatsiya (1).jpg

CART.IS guralynyň tanyşdyrylyşy aýratyn gyzyklanma döretdi – serhetüsti söwda amallaryny sanly görnüşde kadalaşdyrmak üçin jogapkär edaralaryň arasynda maglumat alyş-çalşyny seljermek üçin amaly çözgütdir.

Işiň dowamy – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin iki günlük okuw sapagy bilen dowam etdi. Maksatnama Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça ylalaşygynynyň düzgünleriniň seljermesini, görnüşleri we ileri tutulýan ugurlary boýunça söwdany ýeňilleşdirmek, sanlylaşdyrma we pudagara hyzmatdaşlygyň meselelerini öz içine aldy.

Gatnaşanlar daşary ykdysady işleriň düzgünleşdirilişiniň hakyky ýagdaýlaryny görkezýän amaly wezipeleri ýerine ýetirdiler, bu bolsa gümrük taýdan resmileşdirmegiň amallaryny has netijeli etmek boýunça amaly ädimlere ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi.

04102025-turkmenistan-tamozhnya-mtc-modernizatsiya (2).jpg

Gurnalan çäreler ýurduň daşary söwda işini ösdürmäge we işewürligiň ýagdaýyny has-da gowulaşdyrmaga gönükdirilendigini tassyklady. Ýewropa Bileleşiginiň goldawy we Halkara söwda merkeziniň bilermenler kömegi halkara tejribesi bilen paýlaşmaga hem-de dünýä söwda ulgamyna goşulmak üçin zerur bolan häzirki zaman gurallaryny durmuşa geçirmegi ýeňilleşdirýär.

Taslama barada

Halkara söwda merkezi (HSM) Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi (EB) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa” atly dört ýyllyk tehniki ýardam bermek taslamasyny durmuşa geçirýär. Taslamanyň maksady – Türkmenistanyň ykdysady ösüşini ösdürmek we ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu işewürlik gurşawyny gowulandyrmak hem-de Türkmenistanyň sebit we ählumumy söwdasyna gatnaşmagyny goldamak arkaly söwda ugry boýunça bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly gazanylýar.

ORIENT

Foto: HSM

Şeýle hem okaň: