Iň täze habarlar

Türkmenistanda täze etrap kazyýetleri döredildi

02.10.2025 | 10:30 |
 Türkmenistanda täze etrap kazyýetleri döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze etrap kazyýetlerini döretmek hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň umumy sanynyň çäklerinde: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap kazyýeti; Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etrap kazyýetleri; Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etrap kazyýetleri; Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýeti döredildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.

Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylyň dokuz aýynyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň jemlerine garaldy hem-de milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foto: TDH

Şeýle hem okaň: