Iň täze habarlar

Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri Abu-Dabide “Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşdy

04.10.2025 | 20:50 |
 Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri Abu-Dabide “Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşdy

30-njy sentýabrdan oktýabr aýynyň 4-i aralygynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşmak üçin iş saparynda boldy we bu serginiň halkara taslamalary pawilionynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz halkara taslamalaryny we ulag ulgamynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Çäräniň birinji gününde Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suhail Mohammad Al Mazrouei Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekiliýetini kabul etdi we Demir ýol pudagynda türkmen-emirlikleriniň gysga wagtynda gazan ösüşleri barada belläp geçdi. Soňra Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen “Etihad Rail Company” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama dabaraly ýagdaýda gol çekişildi.

Bu Ähtnama Daşary ýurdyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol taslamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup, Taraplaryň bilelikdäki özara gatnaşyklary, iki döwletiň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmakdan, özara peýdaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat bolup durýar. Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi, iki döwletiň demir ýol edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas bolup, Daşary ýurtda durmuşa geçiriljek taslamalara gerek bolan maýa goýumlary çekmek meselesinde ulgamlaýyn işleri geçirmek üçin mümkinçilikler berýär.

1

Soňra “Etihad Rail Company” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Şadi Malak bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda Daşary ýurtda durmuşa geçiriljek demir ýol taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy we bu taslamalaryň möhümligi barada belläp geçildi. Şadi Malak oktýabyr aýynyň birinji ýarymynda “Etihad Rail Company” ýolbaşçylarynyň Türkmenistana iş saparyna barmaklygy meýilleşdirýändigi barada habar berdi we Türkmen-Emirlikleriniň demir ýol pudagynda ýokary derejeli alnyp barylýandygy hem-de gysga wagtyň dowamynda uly üstünliklere eýe bolunandygy barada bellenip geçildi.

“Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Owganystanyň jemgyýetçilik işleri ministriniň Demir ýol ulaglary boýunça orunbasary Mohammed Ishak Sahibzade bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda Iki döwletiň arasynda Demir ýol ulaglarynda ýük dolanyşygy artdyrmak, ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan tarapy Turgundy stansiýasynda gurulýan ammarlar toplumynyň işleri işjeň alnyp barylýandygyny belläp Türkmen tarapyna öz hoşallygyny nygtady. Soňra bolsa duşuşygy Owganystanyň Turgundy-Hyrat demir ýol taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we Bu taslama ilki bilen ynsanperwer häsiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi millionlarça Hyrat welaýatynyň ýaşaýjylaryny elýeterli azyk önümleri we ilkinji zerurlyk harytlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de bu taslama diňe bir Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ösüşi üçin däl, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem strategik ähmiýete eýedir.

Soňra bolsa, Abu Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktorynyň orunbasary Rashed Mohamed Al Kaabi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda demir ýol taslamasyny maliýeleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mohamed Al Kaabi taslamalary maliýeleşdirmek boýunça öz pikirlerini beýan etdi we bu taslamalary maliýeleşdirmek meselesine seretmäge taýýardygy barada habar berdi.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi

Şeýle hem okaň: