Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Dohada baýramçylyk dabarasy geçirildi

02.10.2025 | 18:30 |
 Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Dohada baýramçylyk dabarasy geçirildi

30-njy sentýabrda Dohadaky Sheraton Grand Doha myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

1

Çäräni Türkmenistanyň Katar döwletindäki Ilçihanasy gurnady we oňa Kataryň döwlet wekilleri, şol sanda Zähmet ministri Ali bin Said bin Samik Al-Marri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Kataryň uniwersitetlerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Katardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M. Seýitmämmedow ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlary, ykdysady üstünlikleri, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten sepgitleri, halkara taslamalary hem-de daşary syýasy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada çykyş etdi.

2

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki we daşary syýasaty berkitmekde, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreleri amala aşyrmakdaky möhüm orny aýratyn nygtaldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň senagatda, ulag pudagynda, oba hojalygynda, durmuş we medeni ugurlarda gazanylan üstünliklerine, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bagyşlanan ýörite taýýarlanan wideoşekil görkezildi.

3

Myhmanlar Türkmenistanyň baý medeni mirasy, halk döredijilik däpleri we milli tagamlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmen milli naharlary hödürlenip, ýurdumyzyň aşhanasynyň aýratynlyklary we däpleri görkezildi.

ORIENT

Foto: Tűrkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

Şeýle hem okaň: