Aşgabatda boş iş orunlaryny teklip etmek boýunça çäre geçiriler
03.10.2025 | 11:30 |8-nji oktýabrda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň edara binasynda (S. Türkmenbaşy köçesi, 81-nji jaý) boş iş orunlaryny teklip etmek boýunça çäre geçiriler.
Bu çärä Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň zähmet bölümleri gatnaşar.
Kärhanalar, guramalar, edaralar we hususy telekeçiler öz wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmeli we boş iş orunlary barada maglumat bermelidirler.
Işe girmek isleýänler şahsyýetini tassyklaýan resminamalar, zähmet depderçesi (bar bolsa) hem-de hünär derejäni tassyklaýan resminamalar bilen gelmeli.
ORIENT