Türkiye Innovation Week 2025 9-njy oktýabrda Stambulda başlanýar
03.10.2025 | 14:25 |Türkiye Innovation Week 2025 9–11-nji oktýabr aralygynda Stambul şäherindäki Haliç maslahatlar merkezinde geçiriler. Türkiýäniň Söwda ministrligi tarapyndan goldanylýan bu çäre «Geljek: Häzir» temasyna bagyşlanyp, 12-nji gezek guralar.
Esasy üns emeli aň, onuň bäsdeşlik ukybyna we innowasiýalara edýän täsiri bilen baglanyşykly bolar. Maksatnamada AI-niň geljegi, milliard dollarlyk startaplar üçin strategiýalar we döwlet düzgünleşdirmesi barada pikir alyşmalar meýilleşdirilýär. Çykyş edýänleriň arasynda futbol arbitri Pýerluiji Kollina we Kembrij uniwersitetinden Jerald Greh hem bar.
Hepdeligiň çäginde İnovaLİG bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Sylaglary gowşurmak çärelerine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşar. Şeýle hem ýaş telekeçiler we innowasion startaplar goldanylar.
Çäräniň aýratyn üns berjek ugurlarynyň biri ekologiýa we medeniýet boýunça innowasiýalardyr. Şonuň çäklerinde uglerod yzyny azaltmak hem-de oba hojalygynda täze tehnologiýalary ösdürmek bilen baglanyşykly taslamalar görkeziler.
Türkiye Innovation Week 2025, Türkiýäniň halkara giňişlikdäki innowasion mümkinçiliklerini güýçlendirmekde möhüm ädim bolar.