Inversion kompaniýasy dünýäniň islendik ýerine ýükleri birbada eltip bilýän Arc kosmos enjamy bilen tanyşdyrdy
03.10.2025 | 12:25 |Aerokosmos tehnologiýalary we goranyş ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan Inversion kompaniýasy täze Arc atly kosmos enjamynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu enjam 225 kilogramma çenli ýükleri dünýäniň islendik nokadyna bir sagatdan az wagtyň içinde ýetirip bilýär, bu bolsa dünýä logistikasy üçin örän uly ýeňillik döredýär.
Arc dolandyrylýan kosmos enjamydyr. Ol pes Ýer orbitasyna çykarylandan soň bäş ýyla çenli garaşma ýagdaýynda galyp biler. Zerurlyk ýüze çykan halatynda enjam awtonom ýagdaýda orbitadan çykyp, gipertiz çäkli atmosferadan geçýär we paraşýutlaryň kömegi bilen ýumşak gondurylýar. Şeýlelikde ýük bellenilen ýere takyk eltilýär. Bu bolsa eltip bermek zolaklarynyň ep-esli giňeldilmegine mümkinçilik berýär.
Inversion kompaniýasy dünýäniň dürli sebitlerini öz içine alýan Arc enjamlarynyň ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu ulgam infrastruktura taýdan çäkli ýa-da uzakdaky ýerlere-de ygtybarly we çalt eltip bermek mümkinçiliklerini üpjün eder. Geljekde şeýle ulgam adatdan daşary ýagdaýlara we howplara çalt täsir etmek mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrar.
Mundan başga-da, Arc gipertiz synaglarynda, ylmy barlaglarda we orbital stansiýalara ýükleri eltmek we yzyna getirmek ýaly söwda maksatlarynda ulanylar.