Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň innowasion ösüşiniň depgini bilen tanyşdy

02.10.2025 | 00:25 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň innowasion ösüşiniň depgini bilen tanyşdy

Aşgabat, 1-nji oktýabr | ORIENT. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşmak we iş maslahatyny geçirmek üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gün tertibi Arkadag şäheriniň diňe bir akylly şäher bolman, eýsem tutuş ýurt boýunça giňden ornaşdyryljak iň täze innowasion çözgütleriň synag edilýän ýerine öwrülýändigini tassyklady.

Gözden geçirilişiň dowamynda lukmançylyk klasterine aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow şekil taslamalary şol sanda sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň taslamasy şeýle hem esasy sanly merkezleriň konsepsiýasy bilen tanyşdy. Mundan başga-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalaryna garady.

arkadag--2-ochered (2).jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideri lukmançylyk ylmynyň ýeten derejesini özleşdirmäge we sanly ulgamlar bilen netijeli işlemäge ukuply kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ilkinji nobatda üns berilmelidigini nygtady.

Tanyşlygyň dowamynda beýan edilen möhüm habar, şäherde öndürilen önümleriň halkara derejesinde ykrar edilmegi boldy: “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Bu baýrak türkmen harytlarynyň ekologiýa taýdan arassalygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat eder. Bu bolsa “akylly” şäheriň ösüşiniň esasy ýörelgesine laýyk gelýär.

arkadag--2-ochered.jpg

Şeýle hem “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli taslamalar hödürlendi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalaryna degişli birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizip, gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky desgalarda we ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynda şol sanda metjidiniň girelgesiniň bezeg işlerinde, esasanam Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy zerurdyr.

Ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmak maksady bilen şäheri we ýol ýakalarynda abadanlaşdyrmak üçin oturdylmagy meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, dürli gülleriň görnüşleri boýunça maslahatlar berildi.

Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak giň möçberli sergide Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan pawilýony guramak işleri hakynda hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygyň ikinji tapgyrynyň uly göwrümli wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek we şäheriň ýaşaýjylaryna iň ýokary derejeli hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin ähli gurluşlaryň arasynda sazlaşykly we netijeli işlemegiň zerurdygyny nygady.


Şeýle hem şol “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hususy kärhalaryň arasynda şertnamalara gol çekildi.

Hususan-da “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasyna Fizuli şäherinde (Azerbaýjan) gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ynanyldy. Bu çözgüt, sebite türkmen binagärlik-gurluşyk çözgütleriniň ornaşdyrylmagynyň başlangyjydyr.

“Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy bolsa “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak hem-de “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak wezipesi ynanyldy.

Foto: Türkmen TV

Şeýle hem okaň: