BAE IT hünärmenleri we çärelere gatnaşýanlar üçin täze wizalary girizdi
03.10.2025 | 14:35 |Birleşen Arap Emirlikleri täze wiza görnüşlerini, şol sanda tehnologiýa we emeli aň ugurynyň hünärmenleri üçin wizalary girizdi. Bu wizalar bir gezeklik hem-de köp gezeklik syýahatlar üçin resmileşdirilip bilner. Esasy talap tehnologiýa pudagynda işleýän kompaniýanyň hatynyň bolmagydyr.
Federal şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça ýolbaşçy (ICP), general-maýor Suheýl Said al-Haýli bu özgertmäniň BAE-niň tehnologiýa startaplarynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy merkezine öwrülmek ukybyny güýçlendirmek islegini görkezýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, BAE-de çärelere gatnaşmak üçin täze wiza (event visa) peýda boldy. Bu wiza daşary ýurtlularyň festiwallara, sergilere we beýleki köpçülik çärelerine gatnaşmagyna mümkinçilik berer. Şeýle hem, ygtyýarlandyrylan syýahatçylyk kompaniýalar arkaly resmileşdirilýän köp gezeklik syýahatçylyk wizasynyň täze görnüşi kruiz ýolagçy gämileriniň we gezelenç gämileriniň ýolagçylary üçin girizildi.
Üýtgeşmeler ýük ulaglaryny sürýän sürüjilere degişli wizalara hem täsir etdi – olar indi ulag kompaniýalarynyň kepilligi we ätiýaçlandyrmasy bilen berlip bilner. Dostlary we garyndaşlary zyýarat etmäge degişli wizalaryň düzgünleri hem täzelendi: indi kepilçi bolan adamyň iň pes aýlyk girdejisi garyndaşlyk derejesine baglylykda 4 000 dirhamdan 15 000 dirhama çenli kesgitlenýär.
Köp ýurtlaryň raýatlary öňküsi ýaly BAE-de wizasyz 30 günden 90 güne çenli bolup bilerler.