Türkmenistanyň daşary syýasat işjeňligi: dokuz aýyň jemleri
04.10.2025 | 00:40 |Aşgabat, 3-nji oktýabr | ORIENT. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň dokuz aýynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana, Russiýa, Gazagystana, Hytaýa, ABŞ iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Fransiýa, Tatarystan Respublikasyna (RF), Azerbaýjanda bolup, möhüm daşary ýurt saparlaryny amala aşyrdy.
Awgust aýyndaky forum – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty möhüm waka boldy. Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana sapary amala aşyrdylar. Şeýle hem awgust aýynda Awazada Türkmeistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Özbegistanyň Liderleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Hasabat döwrüniň möhüm wakasy, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Nýu-Ýorka (21-24-nji sentýabr) amala aşyran sapary boldy, bu ýerde döwlet Baştutany BMG-niň 80-nji ýubileý sessiýasynda çykyş etdi. Onuň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary şeýle hem Awstriýanyň, Portugaliýanyň, Şweýsariýanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy we Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklar geçirildi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeňleşdirildi: birnäçe ýurtlaryň Hökümet Baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri Aşgabada sapar bilen geldiler. BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlary we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistanda saparda boldylar.
Ýylyň başyndan bäri 433 sany onlaýn-duşuşyk we dürli derejedäki 2063 gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 134 resminama bilen ýetirildi. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylyklary bilen duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen alnyp barylýan işler möhüm ugur bolamgynda galýar. Munuň özi bolsa söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine gyzyklanma bildirýän ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy bilen bagly geçiriljek halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.