Türkmenistanyň durmuş-medeni toplumynyň 9 aý boýunça esasy netijeleri tanyşdyryldy
04.10.2025 | 02:50 |Aşgabat, 3-nji oktýabr | ORIENT. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Baýramgül Orazdurdyýewa we wise-premýer Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentine şu ýylyň ýanwar–sentýabr aýlary aralygynda durmuş we medeni toplumyň işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.
Bilim we ylym
Hasabat döwründe bilim ulgamynda özgertmeler dowam etdi: okuwda häzirki zaman usullar ornaşdyryldy, täze okuw kitaplary neşir edildi.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň we ýurdumyzyň Prezidentiniň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna «Bilimli» noutbuklary gowşuryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy, täze mekdepler we çagalar baglary ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijelere ýetip, jemi 750-den gowrak medal, şol sanda 198 altyn medal gazandylar.
Saglygy goraýyş
Öňüni alyş we bejeriş işlerine häzirki zaman lukmançylyk tejribeleri ornaşdyryldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli tematik çäreler geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan bejergä we operasiýa mätäç çagalaryň kömegi üçin serişdeler berildi.
Bedenterbiýe we sport
Hasabat döwründe köpçülikleýin sport we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri işjeň ösdürildi. Türkmenistanda milli göreş, guşakly göreş “alyş”, şeýle hem ýaş türgenleriň arasynda halkara küşt ýaryşlary geçirildi.
Ýurdumyzyň milli ýygyndylary halkara ýaryşlarynda dürli derejeli 754 medal gazandylar.
Medeniýet
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de döwlet baýramçylyk senelerine bagyşlanyp, köp sanly medeni çäreler we döredijilik bäsleşikleri guraldy.
Ýurdumyzyñ Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar aýratyn orun eýeledi, şol sanda Döwlet münberiniň öňünde geçirilen baýramçylyk dabaraly ýörişi, Mejlisler merkezinde we «Älem» dynç-alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk konsertleri.
Medeni-magaryf edaralary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri milli mirasy wagyz etmekde uly işleri alyp bardylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ösdürilmegine, sportuň kämilleşdirilmegine, şeýle hem milli medeni gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamaga we ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.