Iň täze habarlar

Samarkant 2028-nji ýylda Halkara astronawtika kongresini kabul eder

03.10.2025 | 15:56 |
 Samarkant 2028-nji ýylda Halkara astronawtika kongresini kabul eder

Sidneýde geçirilen Halkara astronawtika kongresinde (IAC) 2028-nji ýyldaky kongresiň Samarkant şäherinde geçirilmegi baradaky möhüm çözgüt kabul edildi. Bu waka Özbegistan we bütin Merkezi Aziýa sebiti üçin kosmos pudagynyň ösüşinde täze sahypa açar.

Özbegistanyň Sanly tehnologiýalar ministrligi kongresde ýurduň kosmos tehnologiýalaryndaky üstünlikleri we geljek üçin meýilnamalary barada çykyşlary öz içine alýan maksatnamany hödürledi. Çäräniň dowamynda Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň kosmos agentlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklar bolup geçdi. Olarda kosmos gözegçiligi, oba hojalygy we ekologiýa ugurlarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşyna degişli taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara astronawtika federasiýasynyň ýolbaşçylary Özbegistanyň ylmy mümkinçiliklerinine, ýaşlaryň kosmos ylymlaryna bolan gyzyklanmasyna we infrastruktura ösüşindäki tagallalaryna ýokary baha berdi. 2028-nji ýylda IAC-niň Samarkantda geçirilmegini goldamak hem-de tassyklamak şol üstünlikleriň subutnamasy boldy.

Çak edilmegine görä, kongres 10 müňden gowrak daşary ýurtly gatnaşyjyny özüne çekip, sebitde ylmy we tehnologiýalaryň ösüşi üçin möhüm meýdança öwrüler. Şeýle hem bu çäre ykdysady taýdan uly täsir eder. Mysal üçin, häzirki wagtda Sidneýde geçirilýän kongres Awstraliýanyň ykdysadyýetine 42 million Awstraliýa dollaryny (takmynan 27 million ABŞ dollary) getirdi.

Foto: xabar.uz

Şeýle hem okaň: