Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

05.10.2025 | 23:55 |
 Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda täjik Lideriniň ýurduň ösüşine we halkara giňişligindäki ornuny berkitmekdäki şahsy goşandyna ýokary baha berdi:

“Siz parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde köp ýyllaryň dowamynda halkyňyzyň bähbidine yzygiderli zähmet çekip gelýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda Täjigistanyň ykdysadyýeti durnukly ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurduň halkara giňişlikdäki at-abraýy artýar” – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Aşgabat Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Täjigistanyň döwlet Baştutanynyň şahsy goşandyny aýratyn nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Täjigistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

ORIENT

Foto: avesta.tj

Şeýle hem okaň: