Iň täze habarlar

Turkish Airlines 225 sany Boeing uçaryny satyn alýar

01.10.2025 | 13:25 |
 Turkish Airlines 225 sany Boeing uçaryny satyn alýar

Boeing aerokosmiki korporasiýasy Turkish Airlines kompaniýasyna 75 sany 787 Dreamliner we 150 sany 737 MAX uçaryny satandygyny habar berdi.

Boeing kompaniýasy, bu geleşigiň Turkish Airlines üçin iň uly inçe göwrümli uçarlaryň sargytlary boljakdygyny belledi. Ylalaşygyň umumy bahasy 30 milliard dollardan geçýär. Uçarlaryň iberilişi 2029–2034-nji ýyllara meýilleşdirilýär.

Ylalaşyk 25-nji sentýabrda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşanyndan soň yglan edildi. Boeing soňky aýlarda birnäçe uly sargytlary kabul etdi — awgust aýynda günorta koreýaly Korean Air 103 uçary satyn aldy, maý aýynda bolsa Qatar Airways 160 uçary satyn almak barada şertnama baglaşdy.

Turkish Airlines biletlerini kompaniýanyň satuw edaralaryndan alyp bolýar: Salgy: G. Kulyýew köçesi, jaý 39, "Ussat" binasy.

Email: askabatbiletsatis@thy.com

Web sahypa: https://www.turkishairlines.com/

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: