Iň täze habarlar

Türkmenistan Frankfurtda ykdysady mümkinçiliklerini hödürlär

01.10.2025 | 23:15 |
 Türkmenistan Frankfurtda ykdysady mümkinçiliklerini hödürlär

2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde uly göwrümli iş çäresini – Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerini geçiriler. Iki gün dowam etjek bu forum söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy strategiki taýdan çuňlaşdyrmagy we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary we ählumumy maýadarlaryň arasynda täze hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Çäräni, German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti we GFR-daky Türkmenistanyň konsullygynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen bilelikde gurnalar.

Forum, Türkmenistandan, Germaniýadan we beýleki ýurtlardan döwlet edaralarynyň wekillerini, bilermenleri we işewür toparlary bir ýere jemlär. Onuň dowamynda strategiki taýdan möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşylar. Türkmenistany döwrebaplaşdyrmagyň özeni bolan nebitgaz we nebithimiýa pudaklary, ulag we aragatnaşyk, maliýe we bank hyzmatlary, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy we dokma önümleri klasterlaryna aýratyn üns berler.

“Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri” maýadarlar we telekeçiler üçin milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini öwrenmek, geljegi uly anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, özara peýdaly ylalaşyklary baglaşmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amaly meýdançany döreder. Maksatnamanyň esasy ugry öňdebaryjy tejribäni alyşmak we innowasion çözgütlerini hödürlemek bolar.

Guramaçylar, halkara işewür wekillerini, maýadarlary we pudaklaýyn bilermenleri üstünlikli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmek üçin foruma gatnaşmaga çagyrýarlar.

Çäre we hasaba alynmak boýunça has giňişleýin maglumat üçin guramaçylaryň resmi web sahypalaryna girip bilersiňiz:

https://cci.gov.tm/

https://tmt.tm/ru/

Foto: AdobeStock

Şeýle hem okaň: