Iň täze habarlar

Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

03.10.2025 | 17:55 |
 Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden  çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

3-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde geçirilen maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ulag-kommunikasiýapudagynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we belent münberden eden çykyşyndag iň goldawa mynasyp bolan başlangyçlarynyň we teklipleriniň ähmiýeti barada çykyşlar edildi.

Представители Минсвязи приняли участие в конференции.jpg

Döwlet Baştutanymyz taryhy çykyşynda: «Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär» diýip, belläp geçdi.

Munuň özi sanly ulgamyň çygrynda durmuşa geçirilýän taslamalaryň kanunçylyk esaslaryny, ony umumy bähbitli, oňyn häsiýetli maksatlar üçin ulanmagyň zerurdygyny mälim edýär.

Maslahata gatnaşyjylar Bitaraplyk taglymatyny dünýä ýaýyp, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda dünýä nusgalyk başlangyçlary öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

Şeýle hem okaň: