Dünýä dilleri institutynyň talyplary Sukuba uniwersitetine bir ýyllyk okuw üçin ugradyldy
01.10.2025 | 17:30 |Türkmenistan döwrüň talaplaryna laýyk ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.
Şu syýasatyň çäginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine bir ýyllyk okuw üçin ugradyldy.
Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň (mugallymçylyk taýýarlyk bölümi) bir talyby iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky Alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna laýyklykda Ýaponiýa ugrady.
Mundan başga-da, şol bir bölümiň başga bir talyby üstünlikli synaglardan geçip, Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi (MEXT) tarapyndan 2025–2026-njy okuw ýyly üçin yglan edilen abraýly “Ýapon dili we ýapon medeniýeti” atly akademiki maksatnama boýunça bir ýyllyk okuw saparyna ugradyldy.
Munuň ýaly okuw we tejribe saparlary talyplara gymmatly tejribe almaga we ýurtlaryň arasynda ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa ýokary hünärli, terbiýeli we Watana wepaly hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ugur bolup çykyş edýär.
ORIENT