Iň täze habarlar

Türkmenistan parahatçylygyň we ösüşiň strategiki gün tertibini öňe sürýär – Aşgabat ählumumy dialogda

01.10.2025 | 00:25 |
 Türkmenistan parahatçylygyň we ösüşiň strategiki gün tertibini öňe sürýär – Aşgabat ählumumy dialogda

Aşgabat, 30-njy sentýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny giňden wagyz etmeklige gönükdirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa tarapyndan moderatorlyk edilen bu maslahat diplomatik düzümiň wekillerini bir ýere jemläp, Aşgabadyň ählumumy gün tertibine ulgamlaýyn çemeleşýändigini nygtady. Gatnaşanlar parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça uzak möhletleýin maksatnamasyny durmuşa geçirmek we halkara hukugynyň ornuny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen baglanyşykly iň möhüm meselelere ünsi jemlediler.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (8).jpg

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat garaýyşlaryny we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren tekliplerine giňişleýin seljerip, oýlanşykly hasabat berdi.

Ministr, olaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi Milletler Bileleşiginiň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň birleşikleriniň we kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipeleriniň bir bölegine öwrüler diýip umyt bildirdi. Muňa garamazdan, BMG-a agza ýurtlar bu meselede esasy orny eýeleýändigini Meredow nygtap, Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryna has doly düşünmegi maksat edinýän häzirki maslahata gatnaşyjylaryň pikirleriniň we teklipleriniň “biziň üçin hemişe möhümdigini we ýurdumyzyň daşary syýasaty ädimleri düzülende göz öňünde tutulýandygyny” belläp geçdi.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (3).jpg

Diplomatiýanyň ugurlary we BMG-niň meýdançasyndaky ileri tutulýan başlangyçlar

Türkmenistan häzirki we geljekdäki ýagdaýy üçin BMG-niň çäklerinde öz üstüne alan jogapkärçiligine doly düşünýär. Şeýle hem şu gün hakykatdanam onuň geçen ýoluna çynlakaý we obýektiw baha bermek hem-de geljegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin wagtynyň gelendigini ykrar etýär – diýip, DIM-iň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi.

Bu aýdyň, BMG täzelenmäge, kämilleşdirilmäge, onuň institutlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mätäçdir. Bu toplumlaýyn wezipe, ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini, olaryň dürli ugurlarda ählumumy strategiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň we gönüden-göni gatnaşmagy talap edýär. Diňe şeýle jebisleşmek çemeleşmeleri arkaly üstünlik gazanyp bolar we iş ýüz ýüzünde Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy meselelerde tebigy we jedelsiz ýolbaşçylygyny iş ýüzünde üpjün edip biler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýorkda eden çykyşynda ýurdumyzyň garaýşy aýdyň beýan edildi – BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara gurama bolmagynda galmalydyr. Ony özgertmek üçin ähli ädimler, çemeleşmeler we teklipler BMG-niň abraýyny ýokarlandyrmaga we ählumumy meselelerde esasy ornuny berkitmäge gönükdirilmelidir. Eger biz parahatçylygyň, howpsuzlygyň we medeniyetli döwletara gatnaşyklaryň arhitekturasyny gorap saklamak we berkitmek isleýän bolsak – onda onuň başga bir ýoly ýok. Hatda häzirki wagtda bu ulgam ýeňil boladyk synaglardan geçýändigine garamazdan, bu mesele has-da möhüm bolup durýar.

Bu nuýdaýnazardan Türkmenistan “Geljegiň Paktyny” goldaýar. Onuň kabul edilmegi, geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen geçirilen Geljegiň Sammitinde ähmiýetli we möhüm ädime öwrüldi. Türkmenistan bu resminamana uzakmöhletleýin mümkinçiligi amala aşyrmaga niýetlenen, jogapkärli we öz wagtynda kabul edilen hereketleriň maksatnamasy hökmünde garaýar diýip, Meredow aýtdy.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (14).jpg

“Geljegiň Paktynda” halkara hyzmatdaşlygynyň esasy bäş ugry öz beýanyny tapdy: parahatçylyk we howpsuzlyk; durnukly ösüş; howanyň üýtgemegi; sanly tehnologiýalar; adam hukuklary we durmuş adalatlylygy. Bu sanaw obýektiw taýdan, dünýäniň ösüşiniň esasy ugry bolan tendensiýalary öz içine alýar, bu bolsa häzirki we geljekki dünýä tertibini kesgitleýär. Bu ugurda ministr möhüm görkezijili fakty belledi: Baş Assambleýanyň häzirki sessiýasynda Türkmenistanyň teklip eden ileri tutulýan garaýyşlary asyl maksady boýunça “Geljegiň Paktynyň” dünýägaraýşyny, amaly ýagdaýlaryny we ýörelgelerine gabat gelýär.

Bu çuňňur kanuna laýyk gelýär, sebäbi Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy strategik we ileri tutulýan häsiýetini mälim edip, halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamyny we daşary syýasat maksatlaryny BMG-niň işleri bilen üznüksiz baglanyşdyrýar we oňa laýyk getirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky çykyşynyň binýadynyň çäginde, ministr Türkmenistan tarapyndan “Geljegiň Paktynda” görkezilen halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen çemeleşmeleri belledi.

Şu ugur boýunça, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk ýaly ugurda biziň ýurdumyz howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmezligi we bitewiligi, düzüm bölekleriniň biri-biri bilen aýrylmazlygy we biri-biri bilen baglanyşygy ýörelgesinden ugur alýar – syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa, azyk we howpsuzlygyň beýleki görnüşleri. Bellenilip geçilenleriň hiç biri ikinji derejeli bolup bilmez, onuň çözgüdini bolsa – has giçki möhlete goýup bolmaz.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (19).jpg

Geosyýasy nukdaýnazardan Türkmenistan berk we uzak möhletleýin milli howpsuzlygy üpjün etmegiň bu ugurdaky sebitleýin we ählumumy tagallalardan üzňelikde göz öňüne tutup bolmajakdygyna ynanýar. “Öz öýüňde parahatçylyk – goňşularyňda arahatçylyk”- bu ýönekeý we dogry hakykat hiç wagt özüniň ähmiýetini ýitirmez.

Bitarap ýurt hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşip, Türkmenistan dürli howpsuzlyk meseleleri boýunça sebitleýin we ählumumy formatlardaky gatnaşyklara işjeň we konstruktiw gatnaşýar we oňa amaly taýdan goşant goşýar. Muňa mysal edip, Türkmenistan BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Sebitleýin hereketleriň meýilnamasyny kabul eden ilkinji ýurt boldy.

Häzirki wagtda howpsuzlygy üpjün etmegiň we berkitmegiň üç ugry aýratyn ähmiýete eýe – bu bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmak, öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny peýdalanmak we hormatly syýasy dialogyyň medeniýetini dikeltmek. Şeýle çemeleşmäniň ykrar edilmegi we goldanylmagy Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendiň girizmelidigini habar berýär.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (10).jpg

Munuň özi bolsa BMG-niň sebitleýin we dünýä derejesinde parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça alyp barýan işlerinde möhüm görkeziji hökmünde bitaraplygy, onuň syýasy we hukuk esaslaryny doly amaly taýdan ulanmak üçin täze mümkinçilikler açýar diýip, Raşid Meredow aýtdy.

Şeýle hem ministr, Türkmenistanyň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda BMG-2030 gün tertibini durmuşa geçirip başlan ilkinji ýurtlardan biridigini, milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin işjeň işleýändigini belledi. Türkmenistan 2019-njy we 2023-nji ýyllarda DÖM boýunça Meýletin milli synlaryny BMG-a hödürledi tabşyrdy. 2027-nji ýyla üçünji syny hödürlemek meýilleşdirilýär.

“Gün tertibi – 2030” kabul edilenden bäri 10 ýyl geçdi. DÖM meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we häzirki hakykatlara uýgunlaşdyrmagyň wagty gelendigi aýdyňdyr - bu işde ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerine has köp üns bermek zerurdyr diýip, Meredow belledi.

Bu ýerde Türkmenistan hem jogapkärli we täsirli çemeleşmäni görkezýär. Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegiň munuň tassyknamasy boldy. Onuň jemleri boýunça syýasy resminama– Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem geljek 10 ýyl üçin niýetlenen Hereketleriň Awaza maksatnamasy durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (21).jpg

Doly ýagdaýda ösýän dünýäniň bähbitlerini goramak sanly üýtgeşmelere degişlidir. Bu meselede, ileri tutulýan wezipelerimizde aýdylyşy ýaly, Türkmenistan deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, BMG-niň howandarlygynda Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmegi maksat edinýär.

Türkmenistan halkara hukugynyň pugtalandyrylmagyny halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry hökmünde kesgitleýär. “Haçanda biz, häzirki wagtda dünýä giňişliginde çylşyrymly we gapma-garşylykly prosesleriň şaýady bolanymyzda halkara hukugynyň orny möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu diňe bir halkara hukuk hereketleriniň ulgamy däl, eýsem döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň bitewi, emele gelen we tejribe taýdan esaslandyrylan nusgasy, olaryň bilelikde ýaşaşmagy we özara gatnaşygy üçin ideologiki we ahlak esaslarydyr” – diýip, Raşid Meredow aýtdy.

Türkmenistan BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek barada başlangyjy öňe sürdi we Baş Assambleýanyň degişli kararnamasynyň kabul edilmegine işjeň goldaw bermekli maksat edinýär. Halkara hukugyň ýyly diňe bir bu möhüm meselä ünsi çekmän, eýsem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze başlangyç nokady we olaryň BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerini we kadalaryny berjaý etmek baradaky ygrarlylygynyň nyşany bolup hyzmat eder diýip, DIM-iň ýolbaşçysy ynam bildirdi.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (11).jpg

Soňra ol duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni BMG-ny özgertmek temasyna çekdi, bu köp sanly çekişmäni döredip, käte köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini döretmek üçin dürli gözýetimleriň we garaýyşlaryň gapma-garşylygyna getriýär.

Türkmenistanyň bu meselede öz garaýyşlary bar: Baş Assambleýanyň işini güýçlendirmek, Howpsuzlyk Geňeşini özgertmek, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen hususan-da dürli ugrularda sebitleýin gurluşlary döretmek, olaryň anyk netijileri üçin işlerini “sazlamak”. “Biziň çemeleşmämiz, Birleşen Milletler Guramasynyň konstruktiw täzelenmegine alyp barjak üýtgeşmeleri girizmegiň zerurlygyna esaslanýar” – diýip ministr belledi. Şonuň bilen baglylykda, BMG-niň köptaraply, umumadamzat we siwilizasiýa missiýasy sarsmazlygyna galmalydyr.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (15).jpg

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan Baş sekretaryň “BMG 80” başlangyjynyň şu maksatlara we taraplara laýyk geljekdigine hem-de durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynanýar. Nýu-Ýorkda Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti bu konsepsiýany goldaýandygyny tassyklady hem-de onuň wajyplygyny we durmuşa ukyplydygyny belläp geçdi. Türkmenistan bu taslama has ýakyndan ýardam bermäge taýýardyr.

Öz çykşynyň ahyrynda ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka amala aşyran sapary, mejlisiň dowamynda eden çykyşy, Guramanyň Baş sekretary, birnäçe döwlet Baştutanlary bilen geçirilen duşuşyklary biziň ýurdumyzyň dünýä açykdygyny, onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy faktorlarynyň biri hökmünde täsirli halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi.

BMG-niň ulgamy Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny mälim etýär

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň yzy bilen BMG-niň ulgamynyň esasy wekilleri çykyş etdiler. BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze, tankytlara we kynçylyklara garamazdan Birleşen Milletler Guramasynyň köpugurly we çalşyp bolmaýan meýdança bolup galýandygyny nygtady.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (24).jpg

Imnadzeniň nygtaýşy ýaly, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň “Bilelikde has gowy: 80 ýyl we ondanam köp parahatçylygyň, ösüşiň we adam hukuklarynyň hatyrasyna” atly temasy – häzirki wagtda hiç haçan bolmadyk derejede işjeňlige eýe boldy, sebäbi häzirki zaman dünýäsinde gapma-garşylyklar, howa meseleleri we syýasy çögünlikler bar.

UNRCCA-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky jebis garaýyşlaryna ýokary baha berdi. Milli ileri tutulýan ugurlaryna garamazdan, ähli döwletler sebitdäki durnuklylygy, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, howanyň durnuklylygy we BMG-ni güýçlendirmegiň zerurlygy boýunça meselelerde çemeleşmeleriniň umulygyny nygtadylar.

“Merkezi Aziýa döwletleriniň suw serişdelerini, buzluklar, dag gün tertibindäki, ýaşyl energiýa, özara baglanyşyk, garyplygy ýok etmek, bilim, zenanlar we ýaşlar bilen baglanyşykly başlangyçlarda öňdebaryjydygyny aýtmasam öz tarapyndan ýalňyş bolar...” – diýip, Imnadze belledi. Mundan başga-da, bäş döwletiň hemmesi Owganystanyň durnuklylygynyň we durmuş-ykdysady ösüşiniň Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy we ösüşi üçin möhümdigini nygtadylar.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (18).jpg

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Türkmenistanyň UNRCCA mandaty bilen gönüden-göni baglanyşykly başlangyçlaryny aýratyn belläp geçdi. Mysal üçin, BMG Baş Assambleýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny, halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn bitaraplygyň esasy ornuny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Dekabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara forum bolsa, başga-da bir iki möhüm başlangyç üçin başlangyç nokat bolup biler: Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammiti we “Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy.

Kaha Imnadze, şeýle hem, “sebit howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň arasynda aýrylmaz baglanyşygy emele getirýän” ulag, sanly we energetika özara baglanşygynyň strategiki ähmiýetini belläp geçdi. Bu nukdaýnazardan, Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasy we 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilen Hazar ekologiýa forumy BMG-niň maksatlaryna doly laýyk gelýär.

UNRCCA-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň BMG-niň meýdançalaryny we gurallaryny işjeň ulanýandygyna şatdygyny nygtady: “Biz bu ýere siziň bilen işleşmek we halkyňyzyň durmuşyny has-da gowulaşdyrmak, hemmeler üçin parahatçylyk, ösüş we adam hukuklary ugrundaky işiňizde size ýardam bermek üçin geldik”.

Maslahatyň dowamynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, Türkmenistanyň bitaraplyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine we dialoga ygrarlydygyna ýokary baha berip, olary halkara hyzmatdaşlygynyň esasy görkezijileri diýip atlandyrdy. Onuň belleýşi ýaly, bu ýörelgeler dolylygyna BMGÖM-iň ýurtlara parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin toplumlaýyn çözgütleri tapmagyny goldamak baradaky ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Narine Saakyan, uzak möhletleýin durnuklylygyň gönüden-göni durnukly infrastruktura, ygtybarly energiýa we netijeli ulag ulgamlaryna baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM Türkmenistanyň durnukly ulag, energiýa özara baglanşygy we sanly integrasiýa ugurlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi, bu bolsa ýaşyl geçiş we sanly üýtgeşmeler üçin BMGÖM-iň ileri tutýan ugurlary bilen ýakyndan baglanşyklydyr.

BMG-niň ulgamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde çäreleri has uly derjede durmuşa geçiriji hökmünde BMGÖM-niň Türkmenistanyň durnukly energiýa we çölleşmegiň öňüni almak ugurlaryndaky başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde teklip edilýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezine goldaw bermek, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmäge şeýle hem ýaşyl ykdysadyýete geçmegi çaltlaşdyrmak üçin “Howa boýunça wada” atly maksatnamanyň çäginde giňişleýin milli goşantlary (NDC 3.0) taýýarlamaga ýardam bermeklik bellenildi.

Mundan başga-da, BMGÖM-iň wekili Aral deňziniň çökgünligini çözmekde Türkmenistana goldaw berýändigini tassyklady we serhetüsti suw serişdelerini netijeli we yzygiderli dolandyrmagyň sebit durnuklylygynyň hem-de azyk howpsuzlygynyň esasy bolup durýandygyny nygtady.

Baş Assambleýada beýan edilen, Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary halkara jemgyýetçiligi üçin öz wagtynda we hemmetaraplaýyn hereketleriň meýilnamasydygyny görkezýär” – diýip, Narine Saakyan mälim etdi.

Sözüniň ahyrynda BMGÖM-iň wekili bu ählumumy maksatlaryň BMGÖM, ÝUNISEF we UNFPA üçin BMG-niň ulgamynyň hyzmatdaşlyk çarçuwasy we ýurt boýunça maksatnamasyny (CPD) ösdürmek arkaly Aşgabatda durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bu durnukly ösüş baradaky milli garaýyşlar bilen bilelikdäki tagallalaryň sazlaşygyny üpjün edýär we Türkmenistanyň raýatlary üçin aýdyň ösüşi şertlendirýär.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (16).jpg

Soňra BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň çykyşy bu temanyň logiki dowamy boldy. Ol Türkmenistanyň bilime we saglyga gönükdirilen durmuş we ynsanperwer başlangyçlarynyň ählumumy meýilnamanyň aýrylmaz bölegidigini we BMG-niň täze hyzmatdaşlygynyň çarçuwasynyň möhüm bölegidigini tassyklady.

Merkezi Aziýa: Strategiki maksatlarda bitewilik

Maslahatyň esasy bölegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy boldy. Olaryň çykyşlary Aşgabatyň başlangyçlaryna sebitleýin goldawy görkezdi.

Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiler – Gismat Gozalow (Azerbaýjan), Nurlan Nogaýew (Gazagystan) Azizbek Madmarow (Gyrgyz Respublikasy), Wafo Niýatbekzoda (Täjigistan) we Rawşanbek Alimow (Özbegistan) – BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary tutuş sebitiň umumy bähbitlerini görkezýändigini nygtadylar.

ga-oon-prioritety-turkmenistana-razvitie (20).jpg

Hazar basseýninde we Merkezi Aziýada ulag, energetika we ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar BMG-niň meýdançasynda berkidilen Türkmenistanyň sebitleýin başlangyçlarynyň (Hazar ekologiýa forumy ýaly) ykdysady durnuklylykda we parahatçylykly ýaşaşmakda kuwwatly görkeziji bolup durýandygyny tassykladylar.

Ählumumy durnuklylyga işjeň goşant

Maslahat Türkmenistanyň we onuň hyzmatdaşlary bilen ählumumy we sebitleýin bähbitleri utgaşdyrmagyň ýokary derejesini görkezdi.

Jemläp aýdylanda, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurduň daşary syýasaty işjeň we ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Ol diňe milli bähbitlere hyzmat etmän, eýsem dünýä derejesinde parahatçylyga, durnuklylyga we durnukly ösüşe hakyky, strategiki goşant goşýan anyk kararnanmalary we mehanizmleri ösdürmäge gönükdirilendir.

Bekdurdy AMANSARYÝEW,

TÜRKMENISTANYŇ DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: