Iň täze habarlar

Ekonomist.kz: Türkmenistan Merkezi Aziýada integrasiýanyň herehetlendirijisi hökmünde

02.10.2025 | 22:50 |
 Ekonomist.kz: Türkmenistan Merkezi Aziýada integrasiýanyň herehetlendirijisi hökmünde

Aşgabat, 2-nji oktýabr | ORIENT. Sebitleýin işewürlik-neşiri “Ekonomist.kz”, “Türkmenistan we Merkezi Aziýada sebitleýin integrasiýasy” atly seljeriş makalasyny çap etdi, bu makalada Aşgabadyň makro sebitdäki ornuna deňagramly we bilermenlik bahasy berilýär. Neşir ählumumy bäsdeşlik wagtynda Merkezi Aziýada içerki jebisligiň durnuklylygyň açaryna öwrülýändigini we bitaraplyk syýasaty bilen Türkmenistanyň durnuklylygyň we maýa goýumlarynyň baglanyşygynyň esasy görkezijisi hökmünde ýüze çykýandygyny nygtaýar.

“Ekonomist.kz”-iň seljerijileri ýurduň özboluşly artykmaçlygyna – hemişelik bitaraplygyna ünsi jemleýärler. Soňky otuz ýylyň içinde bu dereje “hiç bir zada goşulmazlykdan” halkara işewürligi üçin “öňünden aýdyp boljak kepillige” öwrülendigini öňe sürýärler. “Türkmenistan uly güýçleriň gapma-garşylyklaryna goşulmaýar. Bu bolsa ony uzak möhletleýin maýa goýum taslamalary üçin amatly ýere öwürýär” – diýip, neşirde ýazylýar.

Bu geosyýasy işjeňlik bilermenleriň pikirine görä BSG-a tarap strategiki hereket bilen doldurylmalydyr. Bu gurama goşulmak Türkmenistan we tutuş sebit üçin öwrülişik nokady bolar: ol aç-açanlyga we maýa goýujylaryň ynamyny üpjün eder, açyk bazara taýýardygyny we göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelmegi üçin şertleri döreder. Şol bir wagtyň özünde, “ekonomist.kz” Aşgabadyň BSG agzalygynyň tutuş Merkezi Aziýanyň dünýä derejesinde gepleşikdäki ornuny güýçlendirjekdigini belleýär.

Seljermede Türkmenistany üstaşyr merkezi hökmünde kesgitleýän esasy ykdysady ugurlara jikme-jik seredilýär:

• Energetika we gaýtadan işlemek: Gazyň eksportyndan başga-da (ýurt dünýäde dördünji orunda durýar), nebithimiýa önümçiligini ösdürmek we ýokary goşulan bahaly önümleri döretmek maýadarlar üçin strategiki ugur bolup galýar.

• Üstaşyr köprüs: ýurduň geografiki ýerleşişi ony Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar geçelgesiniň arasynda tebigy köprä öwürýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol şahasynyň işe girizilmegi infrastrukturanyň sebitiň ykdysadyýetini dünýä söwdasyna gatnaşyjylara öwürmeginiň nyşanyna öwrüldi.

• Hususy telekeçiligiň orny: Bütindünýä söwda guramasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) gatnaşmazdan taýýarlyk mümkin däl. Neşir TSTB-iň döwlet bilen işewürligiň arasynda esasy bilermenlik merkezi we dialog üçin meýdança bolup, hususy pudagyň düzgünleriň emele gelmegine işjeň gatnaşýan institusional gurşawy döretmek ugrundaky hereketini dünýä görkezýär.

“Türkmenistan energetika we üstaşyrdan geçirmekden başga-da täze nokatlary döredýär:

Agrosenagat toplumy – pagtaçylygy döwrebaplaşdyrmak, däne önümçiligi, miwe we gök-bakja önümleriň eksporty. Senagat – gazhimiki, mineral dökünler, gurluşyk materiallary.

Syýahatçylyk – Hazaryň kenaryÝUNESKO-niň ýädigärlikleri (Merw, Köneürgenç).

IT we maliýe tehlogiýalary – döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, elektron söwda.

Bu pudaklar ählumumy maýadarlary özüne çekmek we ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek mümkinçiligine eýedir”.

“Ekonomist.kz” -iň seljermesi Türkmenistanyň möhüm özgerişleriň bosagasynda durýar diýen netije bilen tamamlaýar. Bitaraplyk derjesine eýerip, ýurt kem-kemden özüni “Merkezi Aziýada integrasiýasynyň herehetlendirijisine” öwürip, onuň geljekki onýyllyklarda özboluşly wezipesi bolsa sebiti dünýä ykdysadyýeti bilen baglanyşdyrýan “deňagramly baglanyşygy” bolmakdan ybaratdyr.

Bu “Ekonomist kz” tarapyndan, ýurduň mümkinçilikleri we täze eýeleýän orny baradaky deňagramly bilermenlik pikiri, Awazada ýakynda geçirlen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2025) çäginde görnükli seljerijileriň we bilermenleriň hasabatlarda, gepleşiklerde beýan eden netijelerine gabat gelýär.

Bu çäräniň gerimi, sebit we halkara derejesindäki seljerijileriň uly gyzyklanmasy, baglaşylan ylalaşyklaryň derejesi hakykat ýüzünde, halkara jemgyýetçiligine resmi Aşgabadyň we milli işewürligiň dialoga we täze geoykdysady şertlerde işlemäge institusional taýýarlygyny görkezdiler.

Forumyň üstünlikli geçirilmegi, onuň netijeliligi, Türkmenistanyň strategiýasynyň diňe bir Merkezi Aziýanyň zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem dünýä bilermenleriň we maýadarlarynyň ünsüni özüne çekip, has çuňňur we halkara integrasiýa ugurly äheňini döretdi.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: