Iň täze habarlar

Türkmenistandan geçýän ýol «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň iň oňat halkasy hökmünde ykrar edildi

03.10.2025 | 01:45 |
 Türkmenistandan geçýän ýol «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň iň oňat halkasy hökmünde ykrar edildi

Russiýanyň logistika we ulag pudagynyň hünärmenleri Türkmenistandan geçýän ulag geçelgesiniň ýokary bäsdeşlik ukybyny we ykdysady taýdan netijeliligini resmi taýdan tassykladylar.

Russiýanyň «PortNews» neşiriniň habar bermegine görä, «Neftehimtrans» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Aleksandr Şarow 11-nji «TransLogistika Sankt-Peterburg» maslahatynyň (30-njy sentýabr — 1-nji oktýabr) dowamynda, Türkmenistan we Gazagystan arkaly geçýän «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň demir ýol ugrunyň beýleki ýollardan daşaýjylar üçin has amatlydygyny nygtady.

Bilermeniň beýanaty anyk ykdysady görkezijilere we nyrhlara esaslanýar. Ol bu nyrhlary «örän gyzykly» diýip häsiýetlendirip, olaryň bazarda işjeň ulanylýandygyny tassyklady.

Bu ekspert netijesi Türkmenistanyň häzirki zaman ulag infrastrukturasyny — esasy demir ýol bekedini hem-de Türkmenbaşy portuny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň üstünlikli netijesiniň gönüden-göni subutnamasydyr. Türkmenistandan geçýän ýolun bäsdeşlik artykmaçlygy halkara söwdasynyň giňelýän döwründe aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

«PortNews»-yň belleýşi ýaly, EAEU bilen Eýranyň arasynda erkin söwda boýunça ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň has-da ösmegine ýardam eder. Häzirki wagtda Eýran bilen EAEU-nyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň başyndan bäri eýýäm 16% artdy, orta möhletli geljekde bolsa bu söwdanyň iki esse artmagy we $12 milliard möçberine ýetmegi meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan döwrebap infrastrukturasy we amatly nyrhlary sebäpli bu strategik geçelgede iň netijeli we taýy bolmadyk halka öwrülýär. Ol Eýranyň portlaryna, şol sanda Hind ummanynyň giňişligine çykýan ýollarda Ýewraziýadan harytlaryň tiz we ykdysady taýdan esaslandyrylan ugruny üpjün edýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: