Italiýada türkmen talyplary italýan dili we medeniýeti boýunça bilim alýarlar
17.07.2025 | 17:50 |Iýun aýynyň 28-den awgust aýynyň 2-ne çenli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary italýan dili we medeniýeti boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşýarlar. Okuw Italiýanyň abraýly daşary ýurtlylar üçin Peruja Uniwersitetinde geçirilýär. Bu italýan uniwersitetiniň çakylygy boýunça guralan okuw saparlary iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Perujadaky daşary ýurtlylar üçin Uniwersitet Italiýadaky daşary ýurtly talyplara dolulygyna gönükdirilen iki ýokary okuw mekdebiniň biridir. Bu ýokary okuw mekdebi diňe bir bilim we ylmy-barlag işleri bilen däl, eýsem italýan dilini we ýurduň baý medeni mirasyny wagyz etmek işi bilen hem giňden tanalýar. Bu ýerde daşary ýurtlylar ýokary bilim alyp bilerler hem-de intensiw dil öwrwnmek boýunça okuwlara gatnaşyp, degişli şahadatnamalara eýe bolup bilerler.
Türkmen ýaşlary üçin bu mümkinçilik diňe bir dil endiklerini kämilleşdirmek däl, eýsem baý italýan medeniýetine – onuň taryhyna, edebiýatyna, sungatyna, kino sungatyna, ýaşaýyş durmuşyna, däp-dessurlaryna we gymmatlyklaryna çuňňur aralaşmakdyr. Täze medeniýet bilen tanyşlyk olaryň şahsy we bilim tejribesini baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär.
Şol bir wagtda, türkmenistanly talyplar hem özleriniň italýan deň-duşlaryna Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy barada giňden maglumat berýärler. Bu bolsa özara medeni alyş-çalyşa we halkara derejede dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär.
ORIENT