Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi
16.07.2025 | 19:00 |Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanda saparda bolmagynyň çäginde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine baryp gördiler.
Hormatly myhmanlary Parlamentiň ýolbaşçysy Sahiba Gafarowa garşy aldy. Duşuşyk başlanmazdan ozal wekiliýet Geýdar Aliýewiň ýadygärlikler zalynyň eksponatlaryny synladylar hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow Ýatlama kitabynda ýazgy galdyrdy.
Taraplaryň giňişleýin düzümdäki duşuşygynyň dowamynda Sahiba Gafarowa bu saparyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi diýip, AZERTAG habar berýär.
Parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we çuňlaşdyrmakda özara saparlar hem-de ýokary derejeli duşuşyklar möhüm orna eýedir. “Azerbaýjan we Türkmenistan birnäçe halkara guramalarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Goşulmazlyk hereketiniň başlygy hökmünde Azerbaýjanyň başlangyçlaryna türkmen tarapynyň yzygiderli goldawyna ýokary baha berýär” – diýip, Gafarowa aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň arasynda bar bolan şertnama-hukuk binýady örän giňdir we syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň çäginde Prezident Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygynda özünde galdyran ýakymly täsirlerini paýlaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sebit meseleleri, gender syýasatynyň meseleleri, ýaşlar syýasaty, ykdysady hyzmatdaşlyk, Hökümetara toparlaryň işi, parlament diplomatiýasy, parlamentara dialog we beýleki ugurlar boýunça pikirlerini beýan etdi.
ORIENT