Turkish Airlines Moskwa şäherine gatnawlaryny ýatyrýar
28.05.2025 | 15:05 |Turkish Airlines awiakompaniýasy Merkezi Russiýanyň howa menzillerinde uçuşlara girizilen çäklendirmeler sebäpli Moskwa uguryndaky birnäçe uçuşyny ýatyrdy. Bu bolsa "Domodedowo", "Wnukowo" we "Žulowskiý" ýaly howa menzilleriniñ tertibinde üýtgetmelere getirdi. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorylaryň birleşigine (RSOB) salgylanyp, РИА Новости habar berýär.
«Turkish Airlines ýene-de Moskwa uçuşlaryny ýatyryp başlady. ... 26-njy maý gijesi Merkezi Russiýanyň howa menzillerinde uçuşlara we gonuşlara girizilen çäklendirmeler sebäpli "Domodedowo", "Wnukowo" we "Žukowskiý" howa menzilleriniň tertibinde üýtgeşmeler boldy. Uçuşlaryň 60%-e çenli kadaly wagtlaýyn ýerine ýetirilmeýär ýa-da tutuşlygyna ýatyrylýar. Bu ýagdaý Turkish Airlines kompaniýasynyň gatnawlaryna-da täsir etdi» - diýlip, habarda aýdylýar.
RSOB-yň maglumatyna görä, "Wnukowo" howa menzilinden Stambul we Antalýa ugurly birnäçe Turkish Airlines uçuşy ýatyryldy. Şeýle hem "Domodedowo" howa menziline Stambuldan we Antalýadan gelýän uçuşlar, AZAL kompaniýasynyň Bakudan "Domodedowo" uçuşy we Qanot Sharq kompaniýasynyň Daşkentden "Domodedowo" uçuşy ýatyryldy.
RAOB-da habar berilşi ýaly, häzirki wagtda syýahatçylyk operatorlar ýagdaýy seljerýärler we uçuş tertibiniň bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan syýahatçylara täze uçuş wagty baradaky habarlara garaşmagy maslahat berýärler.
«Tehniki sebäpler bilen käbir ýagdaýlarda Turkish Airlines tabloda uçar gijikdirilýän ýagdaýda däl-de, ýatyryldy diýip görkezýär. Uçup bilýän pursat dörese, tabloda gatnaw wagty we belgisi üýtgedilýär we uçar uçurylýar. Biz ähli maglumatlary kabul eden badymyza öñünden edilen sargytlara degişli üýtgeşmeleri girizýäris» - diýip, Pegas Touristik syýahatçylyk operatorynyň baş direktory Anna Podgornaýa belledi. Onuñ sözleri Birleşigiñ habarynda getirilýär.
ORIENT