Iň täze habarlar

Hytaý Ýuwaş ummanynyñ ada döwletleri bilen üçünji daşary işler ministrleriniñ duşuşygyny kabul eder

28.05.2025 | 09:05 |
 Hytaý Ýuwaş ummanynyñ ada döwletleri bilen üçünji daşary işler ministrleriniñ duşuşygyny kabul eder

28-29-njy maýda Hytaýyñ günorta-gündogaryndaky Sýamen şäherinde Hytaýyñ we Ýuwaş umman Ada ýurtlarynyñ (PICs) daşary işler ministrleriniñ üçünji duşuşygy geçiriler. Çäräniñ başlygy bolup, HHR-iñ daşary işler ministri Wan I çykyş eder.

Hytaýyñ DIM-niñ resmi wekili Mao Niniñ belleýşi ýaly, duşuşyk ilkinji gezek göni görnüşde Hytaýyñ çäginde geçiriler. Gatnaşyjylar Hytaýyñ we Ýuwaş umman Ada ýurtlarynyñ arasynda özara gatnaşyk we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça köptaraply pikir alyşmalary geçirmegi, şeýle hem özara bähbitli derwaýys halkara we sebit temalaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Häzirki wagtda Hytaý bu sebitiñ 11 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. HHR-iñ hyzmatdaşlaryna soñky bolup Nauru goşulşyp, 2024-nji ýylyñ ýanwarynda diplomatik aragatnaşyklary dikeltdi. Şeýlelik bilen, Nauru Hytaý bilen resmi gatnaşyklary ýola goýan 183 ýurt boldy.

HHR-iñ Baş gümrük müdirliginiñ maglumatlaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Hytaý bilen Ýuwaş umman sebitiniñ ýurtlarynyñ arasyndaky söwdanyñ umumy möçneri 6,3 mlrd ABŞ dollaryna barabar boldy.

ORIENT

Foto: 24tv

Şeýle hem okaň: