iPad üçin WhatsApp: Has köp mümkinçilik we rahatlyk
28.05.2025 | 18:08 |WhatsApp messenjeri iPad üçin ýörite görnüşi ahyrsoňy çykdy diýip, kompaniýanyň resmi blogy habar berýär. Bu täzelik uzak wagt bäri garaşylan waka boldy, sebäbi messenjeriñ ilkinji gezek 2009-njy ýylda peýda bolmagyndan we ilkinji Apple planşetiniň 2010-njy ýylda çykmagyndan bäri 15 ýyl geçdi.
Indi WhatsApp-nyň ähli adaty mümkinçilikleri iPad-yň uly ekranynda elýeterli. Ulanyjylar 32 adama çenli gatnaşýan sesli we wideo jaňlary edip, ekrany paýlaşyp, frontal kameradan esasa geçip bilerler. Şeýle-de, iPadOS-nyň köp wezipeli mümkinçilikleri — meselem, ekrany bölmek — goldanylýar. Bu bolsa, bir wagtda hem habarlaşmaga, hem-de brauzerde internet sahypalaryna göz aýlamaga mümkinçilik berýär.
iPad üçin WhatsApp şeýle hem Apple Pencil we klawiatura mümkinçiliklerini üpjün edýär, bu bolsa programma bilen aragatnaşygy has giňeldýär. Ähli hatlaryñ, jaňlaryñ we media faýllaryñ ulanylýan platforma garamazdan öňki ýaly şifrlenen ýagdaýda goralýarndygyny bellemek zerur. Bu programma eýýäm App Store-da ýükläp almak üçin elýeterlidir.
ORIENT