Hyrat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi
30.05.2025 | 11:45 |2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň öňisyrasynda owgan tarapy bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda Hyrat şäheriniň esasy ýollary boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.
Bu sport çäresine Hyrat welaýatynyň welosipedçileri, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri we Hyratdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda Baş konsullyk tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredilendigi we şondan bäri bu çäräniň bütin dünýäde dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýändigi aýdyldy.
Şeýle-de, çärä gatnaşanlary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlap, olara işjeň gatnaşandyklary hem-de bedenterbiýe, saglyk we sport hereketiniň ösmegine goşant goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirildi.
ORIENT