Iň täze habarlar

Türkmenistanda "Nesil" haryt nyşanly döwrebap mis kabelleriñ çykarylşy ýola goýuldy

30.05.2025 | 17:10 |
 Türkmenistanda "Nesil" haryt nyşanly döwrebap mis kabelleriñ çykarylşy ýola goýuldy

Türkmenistanyñ içerki bazarynda importyñ ornuny tutýan önümleri öndürmek barada döwlet syýasatynyñ esasynda Gahryman Arkadagymyzyñ we Gahryman Arkadagly Serdarymyz, Hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, halkymyz üçin ýokary hilli we elýeterli önümleri öndürmegi maksat edinip, şu ýylyñ başynda Dünýäniñ häzirki zaman tehnologiki talaplaryna doly derejede gabat gelýän täze elektrik geçirijiler üçin mis izolýasiýaly simleriñ önümçiligine başlanyldy.

Kärhananyň düzüminde halkara derejeli bilimli tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler. Öndürilýän önümlerimiziň ählisi sertifikatlaşdyrylyp Türkmenistanyň Döwlet standartlaryna laýyk gelýär. Alyp barylýan önümçilik işlerimizde senagat, zähmet we ýangyn howpsyzlygynyň hem-de daşky gurşawy goramak talaplarynyň ählisini doly we dogry berjaý edilýär. 1 Şu günki güne çenli izolýasiýaly elektrik mis simlerini daşary ýurtlardan alynýardy. Ýokary derejeli mis izolýasiýaly elektrik simlerini öndürmekligiñ tehnologiýalaryny öwrenip, halkymyzyñ bu önüme bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen ýokary tehnologiki enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanamyzda hili boýunça mehaniki we elektrik durnuklylygy boýunça bäsleşige ukyply we bahasy boýunça amatly önümleri öndürýäris. Biziñ önümlerimiz öýlerde, senagat desgalarynda, yşyklandyryşda umuman elektrik togunyñ ulanylýan ähli ýerlerinde ullanmaga ygtybarlydyr. 2 Ähli önümçilik zynjyryny öz içine alýan, ýokary önümçilik kuwwaty bolan önümçilik toplumymyzda tä mis çigmalyny owradyp, düzümini arassalap, eredip gaýtadan işlemekden başlap, ýarym taýýar mis önümine, ýarym önümi sim görnüşinden Dünýäniñ elektrik simleri üçin tehnologiki talaplaryna laýyk ölçeglere getirip, ýokary hilli ýarym önüm mis simli sarymlaryny öndürip, dürli fiziki täsirlere durnukly izolýasiýasyny mis simlere gaplamaklygyñ ýokary tehnologiýalaryny peýdalanyp, önümçilik zynjyrynyñ ähli tapgyrlarynda ýokary hil gözegçiliginde işler alnyp barylýar. "Nesil" haryt nyşany bilen, Türkmen Döwlet Standartlarynyñ laýyklyk sertifikaty bilen, ähli tehniki şertleri ýokary derejede ýerine ýetirmek bilen Türkmen bazarynda ýokary hiliñ kepili boljak bu elektrik kabelleri halkymyza elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Dünýäniñ öñdebaryjy elektrik kabel öndürijileri bilen hiliniñ ähli taraplaýyn gowulygy bilen bäsleşip biljek "Nesil" elektrik kabelleri diñe bir Türkmenistanda däl, eýsem halkara bazarynda öz ornuny tapmaklygy nazarlaýar.

"Synmaz nesil" hususy kärhanasy "Nesil" haryt nyşany bilen özüniñ köp görnüşli izolýasiýaly mis sim kabelleri önümdürmekligi bilen tapawutlanýar. Kärhana poliwinil hlorid plastikadan, izolýasiýaly mis sim ýa-da galaýylanan mis simlerden izolirlenen we kapron örtükli ýa-da ekranly ýa-da ekransyz polietilenden edilen izolýasiýaly, mis we galaýylanan mis simlerden edilen izolirlenen simli gurnama simleriñ we şnurlaryñ TTR we NYM halkara standartlaryna gabat gelýän elektrik mis kabellerini öndürmäge ýörüteleşdirilendir. Taýýar önümler ýokary derejeli hil barlagyndan geçirip bazara çykarylýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: