"SKYTAXI" TULM-yň gurnamagynda Daşoguz Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy
30.05.2025 | 13:00 |«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ, ýurdumyzda Halkara multimodal ulag üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde ilkinji bolup täze ugurlarda ýük gatnawlaryny gurnamaklyga dowam edýär.
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz Halkara howa menziline dünýäde meşhur we öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan «Skytaxi» kompaniýasynyň Boeing 767 kysymly ýük howa gämisi Hytaýyň Urumçi şäherinden gelip, tehniki gonuşy ýerine ýetirilip, Polşa döwletine ugradyldy. Bu tehniki gonuş, ýurdumyzyň Daşoguz howa menziline ilkini bolup «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda amala aşyryldy.
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ, ýurdumyzda konteýner gatnawlarynyň işini sazlaşykly gurnap, Halkara multimodal ulag üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny mundan beýläk hem has-da ýokary netijeler bilen amala aşyrmaklyga dowam edýär.
2025-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda, Gazagystan Respublikasynyň Zaýataýskaýa demirýol stansiýasyndan jemi 62 sany 40’futluk bugdaý ýükli konteýnerlerden ybarat bolan otly düzümi Serhetýaka serhet geçelgesinden girip, ol ýerden Etrek stansiýasynda wagondan wagona ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp uly ýodadan kiçi ýoda geçirildi. Bu ýerden ugran konteýner otly düzümi Bender abbas portunda deňiz ulaglaryna ýüklenip, Birleşen Arap emirlikleriniň iri portlarynyň biri bolan Jebel-Ali deňiz portuna ugradyldy. Belläp geçsek, bu ýük gatnawyny jemgyýetimiz ýurdumyzda ilkinji bolup gurnaýar.
Bilşimiz ýaly, jemgyýetimiziň «Demirgazyk-günorta» we «Günbatar-gündogar» ýaly halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde multimodal we konteýner ýük gatnawlary babatynda ýerine ýetirýän işleri örän ähmiýetlidir we ýurdumyzda amala aşyrylýan ýük gatnawlarynyň hatarynda öz ornuny ilkinjileriň arasynda alýar.
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, Halkara multimodal ulag üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.
2025-nji ýylyň mart aýynyň birinji ýarymynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Sian demirýol stansiýasyndan ilkinji gezek jemi 55 sany 40’futluk dürli ýükli konteýnerlerden ybarat bolan otly düzümi Altynköl serhet geçelgesinde wagondan wagona ýükleme-düşürme işleri amala aşyrylyp kiçi ýodadan uly ýoda geçirildi. Gazagystandan ýurdumyzyň Serhetýaka bekedinden ýurdumyza giren konteýner otly düzümi Etrek stansiýasynda türk fitinglerine geçirilip, Türkiýe Respublikasynyň Halkaly demirýol stansiýasyna ugradylýar. Bu konteýner otly düzüminiň esasy aýratynlygy bolsa diňe gury ugurda (demir ýol ulaglarynda) daşalmagyndan ybarat bolup durýar.
Gelejekde hem «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi arkaly ýurdumyzyň Etrek we Sarahs stansiýalarynyň döwrebap infrastruktura mümkinçiliklerini ulanmak bilen, Halkara multimodal ulag üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam eder.
ORIENT