Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary LLDC 3 maslahatyna taýýarlyk meselesini maslahatlaşyldylar
29.05.2025 | 02:50 |28-nji maýda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar guramaçylyk-protokol meseleleriň giň toplumyny, şeýle-de öňde boljak maslahatyň mazmuny babatda pikir alyşdylar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty, meseleleri çözmek we bu ýurtlaryň has adalatly we gülläp ösýän geljegi üçin mümkinçiliklerini açmak üçin çözgütleri işläp taýýarlamak we gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin meýdança bolmaga niýetlenendir.
BMG-niň habarlar web sahypasynda çap edilen maglumata görä maslahatyň maksatnamasy:
Maslahatdan bir gün öň, 4-nji awgustda: Raýat jemgyýeti forumy, Ýaşlar we Parlament forumlary, BMG-niň Baş sekretarynyň BMG-niň gurluşlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy.
5-nji awgustda: “LLDC 3” açylyş dabarasy, plenar mejlisler we umumy çekişmeler, metbugat maslahaty, ýokary derejeli tegelek stollar, hususy pudagyň forumynyň we Nesilleriň arasyndaky dialogynyň açylmagy, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we beýleki çäreler.
8-nji awgustda: Jemleýji sessiýa, täze Hereketleriň Meýilnamasynyň we Syýasy jarnamanyň kabul edilmegi.
LLDC3 gatnaşyjylaryny hasaba almak BMG-de we forumyň web sahypasynda alnyp barylýar: https://lldc3.gov.tm/reg-form.
ORIENT