Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
30.05.2025 | 14:10 |Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ýurdumyzyň parahatsöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasat strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Bu görnüşdäki dialog durnukly ykdysady ösüş we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup durýar hem-de ählumumy derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga we umumy bähbitleri ilerletmäge ýardam berýär.
ORIENT