TRIS: FIAT Professional mikrologistika üçin üç tigirli elektromobili bilen tanyşdyrdy
25.05.2025 | 16:45 |FIAT Professional mikroulag meselelerini çözmek üçin döredilen ilkinji üç tigirli elektromobili — TRIS bilen tanyşdyrdy. Bu model üç görnüşde öndüriler: kabinaly şassi, ýük platformasy we pikap. TRIS-iň esasy maksady — kiçi telekeçiler we ösüp barýan sebitleriň ýaşaýjylary üçin elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesini hödürlemekdir.
TRIS modully gurluşy, ulanmagyň ýönekeýligi we 90 kilometre çenli özbaşdak hereket etmegi bilen tapawutlanýar. 6,9 kWt·s kuwwatly batareýa adaty rozetkadan 4 sagat 40 minutda doly zarýad alýar. 9 kWt kuwwatly elektrik motory ulagyň tizligini 45 km/sag çenli ýetirýär. 3,17 metr uzynlygy we 3,05 metr yza öwrüm radiusy bilen TRIS dar şäher köçeleri üçin amatlydyr. Şonuñ bilen birlikde, ol 2,25 m² meýdanda 540 kilograma çenli ýük daşap bilýär.
«TRIS diňe bir ulag serişdesi däl. Bu — ykdysady garaşsyzlyga we jemgyýetçilik integrasiýasyna tarap ädimdir» - diýip, FIAT-yň ýolbaşçysy Oliwiýe Fransua aýtdy. TRIS-iň önümçiligi Marokkoda ýola goýuldy. Modeliň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin FIAT ony lizing we tapgyrlaýyn satyn alma görnüşinde hödürleýär. TRIS hyzmatda ulanmak üçin hem amatlydyr: sink bilen örtülen çarçuwasy poslama garşy goraýar, sarsgyç ulgamynyň we tizligi üýtgediş guralyñ ýoklugy bolsa ulanyş çykdajylaryny peseldýär. Geljekde TRIS awtopark dolandyryş ulgamy we GPS trekerler bilen üpjün ediler. Derñew geçiriji hünärmenleriñ pikirine görä, TRIS ergonomiki dizaýny, uýgunlaşma mümkinçilikleri we elýeterli bahasy bilen täjirçilik elektroulag bazarynda nusgalyk modele öwrülip biler.
ORIENT